Apr 24, 2023 11:09 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Türkiye, Russiýa we Siriýanyň arasynda dört taraplaýyn gepleşikler

Ankara, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň we Siriýanyň goranmak ministrleriniň arasynda dört taraplaýyn gepleşikleriň geçiriljekdigini yglan etdi.

Ankara, Kürdüstan Işçiler Partiýasyny (PKK) we bu topara degişli beýleki bölümleri terrorçy toparlaryň sanawyna goşdy we agzalaryna garşy söweş bahanasy bilen Yragyň we Siriýanyň demirgazyk sebitleri Bagdadyň we Damaskyň garşylygyna garamazdan bikanun hüjümlere sezewar edildi.

Bu iki ýurduň yzygiderli garşylyklaryna garamazdan, PKK agzalaryny "terrorist" diýip atlandyrýan türk goşunynyň hüjümleri dowam edýär.

Anadoly habar gullugynyň habaryna görä, Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar duşenbe güni goranmak ministrleriniň we ýurduň aňtaw guramasynyň (MIT), Eýran Yslam Respublikasy, Russiýa we Siriýa Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň ýygnagynyň ertir (sişenbe) geçiriljekdigini habar berdi.

Tags