May 31, 2023 14:30 Asia/Ashgabat
  • Müsür Eýran bilen gatnaşyklaryň ösmegini garşy aldy

Müsüriň resmileri Eýran bilen gatnaşyklaryň ösmegini garşy aldylar.

Müsüriň resmileri düýn sişenbe güni "Al-Şarq Al-Awsat" gazetine beren interwýusynda Kairiň Eýranyň Müsür bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegi bilen baglanyşykly oňyn alamatlaryny garşy alýandygyny aýtdylar.

Müsüriň öňki Daşary işler ministri Nabil Fahmy soňky ýyllarda Eýranyň resmileri bilen aragatnaşyk saklandygyny aýdyp Eýran bilen Müsüriň resmileriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşandygyny we muny goldaýandygyny aýtdy.

Nabil Fahmy, Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky şertnama we Eýran bilen Müsüriň resmileriniň arasyndaky gatnaşyklara salgylanyp, esasanam Oman liderleriniň Kair we Tährana eden saparyndan soň gatnaşyklary dikeltmek baradaky çekişmäniň başlangyjy hasaplady.

Iki ýurt diplomatik gatnaşyklaryny dowam etdirse-de, soňky onýyllykda Müsür bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar köplenç dartgynly bolandyr.

2022-nji ýylyň dekabrynda Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudanyň Kair bilen Tähranyň arasynda gepleşik başlamak baradaky teklibini garşy aldy.

Tags