Eýran 4-nji iýulda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna hemişelik agza bolýar
Eýran Yslam Respublikasy 4-nji iýulda (13-nji Tir) Hindistanyň ýolbaşçylygyndaky wirtual ýygnakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hemişelik agzasy bolar.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 1996-njy ýylda Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ýolbaşçylary tarapyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) täsirine garşy güýç deňagramlylygyny döretmek maksady bilen Şanhaý Bäş döredildi we Özbegistan oňa goşulandan soň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy diýlip atlandyryldy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda resmi taýdan döredildi we ştab-kwartirasy Hytaýda döredildi. Bu guramanyň resmi dilleri rus we hytaý dilleridir.
"Fars" habar gullugynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wirtual ýygnagy 4-nji iýulda (13-nji Tir) Hindistanyň ýolbaşçylygynda geçiriler. Eýranyň doly agzalygy bu guramanyň ýolbaşçylarynyň 22-nji ýygnagynda resmi taýdan yglan ediler we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary "Çan Ming" geçen anna güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde yglan edişi ýaly 4-nji Iýulda Eýran Yslam Respublikasy guramanyň agza ýurtlary bilen baglanyşykly ähli hukuklara eýe bolar.
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri "Sergeý Lawrow" hem geçen anna güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 4-nji iýulda geçiriljek ýygnagynda Eýran we Belarus resmi taýdan bu guramanyň hemişelik agzalary bolar diýip yglan edipdi.