Jul 29, 2023 10:58 Asia/Ashgabat
  • ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlary Owganystan barada oturylşyk geçirdiler

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Owganystan baradaky duşuşygy Gazagystanyň Astana şäherinde geçirildi.

Tasnimiň habaryna görä, ABŞ-nyň Owganystandaky ýörite wekili "Tomas West" öz twitterinde "Gazagystanyň paýtagtynda Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen geçirilen duşuşykda Owganystan we sebit meseleleri barada pikir alyşdyk" diýdi.

Ol şeýle-de C5 + 1 ýygnagynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmileri bilen Owganystan we bu ýurda goldaw bermek barada pikir alyşyldy diýip sözüne goşdy.

Geçmişde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary Owganystanda giňişleýin hökümet gurmagyň zerurdygyny nygtap Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan bilen umumy serhetlerini berkitmek üçin bilelikde işlemek barada hem maslahatlaşypdylar.

Tags