Daniýada Gurhana Garşy Guralýan Hüjümler Dowam Edýär
Ýewropada,şol sanda Daniýada Musulmanlaryň Mukaddes Kitaby bolýan Gurhana Garşy Guralýan Hüjümler Dowam Edýär.
11-njy awgustda Pakistanyň, Alžiriň, Indoneziýanyň we Marokkonyň Kopengagendäki ilçihanasynyň öňünde Gurhany ýakdylar.Daniýanyň paýtagty Kopengagende Gurhana garşy guralýan hüjümler dowam edýär.
Yslama garşy “Danske Patrioter” ýagny Daniýaly Watanperwerler atly guramanyň agzalary düýn Pakistanyň, Alžiriň, Indoneziýanyň we Marokkonyň Kopengagendäki ilçihanasynyň öňünde Gurhany ýakyp, yslama garşy şygarlar aýtdy.
Topar soň bolsa Kopengagendäki metjidiň öňünde Gurhany ýakdy.
Topar soňky iki hepde-de 4-nji awgustda Türkiýäniň, Yragyň, Müsüriň, Saud Arabystanynyň we Eýranyň, 7-nji awgustda bolsa Türkiýäniň, Pakistanyň, Alžiriň, İndoneziýanyň we Eýranyň Kopengagendäki ilçihanasynyň öňünde Gurhany ýakypdy.
Toparyň ýigrenç jenaýatlaryna käbir musulmanlar uly garşylyk görkezýär.
Şwesiýada we Daniýada soňky döwürde Gurhana garşy guralýan hüjümlere garşy degişli çäreleriň görülmezligine Türkiýäniň başda durmagynda birnäçe ýurt uly garşy garşylyk görkezýär.
Emma bir näçe hepte öň Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde asly yrakly bolan Salwan Momika atly bir adam Stokgolm metjidiniň öňünde polisiýa gullugynyň işgärleriniň goragy astynda Gurhan ýakypdy.
Stokgolm metjidiniň öňünde Polisiýa gullugynyň işgärleriniň goragy astynda Salwan Momika, töwerekdäki adamlaryň reaksiýasyna garamazdan ýere zyňyp üstüne basan Gurhany ýakypdy, Yslamy kemsidýän sözler ulanypdy.
Içeri işler edarasy Gurban baýramynyň ilkinji gününde bolan öjükdiriji hereketde wakalaryň başdan geçirilmezligi üçin Stokgolmdäki ähli polisiýa işgärlerini metjidiň öňüne ýygnaypdy.
Öjükdiriji hereketiň amala aşyrylmagyna reaksiýa bildiren Stokgolm metjidiniň jemgyýetiniň başlygy Mahmut Khalifa, wakanyň ähli musulmanlary gynandyrandygyny beýan etdipdi.
Şwesiýanyň Tapawutly reňkler partiýasynyň başlygy Mikail Ýüksel hem öjükdiriji hereketi ýazgarypdy.