Dec 19, 2023 13:47 Asia/Ashgabat
  • Hytaý: Günbatar Aziýanyň ykbaly bu sebitiň halkynyň elinde bolmaly

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň, Saud Arabystanynyň we Hytaýyň üç taraplaýyn ýygnagy barada beren gürrüňlerinde Günbatar Aziýanyň ykbalynyň bu sebitiň halkynyň elinde bolmalydygyna ynanýarys diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Wang Wenbin" Pekiniň, Tähranyň we Riýadyň wekilleriniň ýakynda geçirilen üç taraplaýyn ýygnagyny garşy almak bilen Pekin konstruktiw rol oýnamaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmak üçin Saud Arabystany bilen Eýrana goldaw bermäge taýýardyr diýdi.

Wang Wenbin şeýle-de Hytaý "milli ösüş ýolundaky tagallalar", "howpsuzlyk meselelerini gepleşikler arkaly çözmek" we bu sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň giňelmeginde oňyn rol oýnamak ugrundaky Günbatar Aziýa ýurtlaryň tagallalaryny goldaýar diýip sözlerine goşdy.

Anna güni Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Yi Pekinde Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bageri Kani we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Al-hariji bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Hytaýyň Daşary işler ministri Tähranyň we Riýadyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda barlyşyk, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we daşary ýurtlaryň Günbatar Aziýa goşulmazlyk strategiki meýilnamasynyň berjaý edilmegini isledi.

Wang Yi sözüniň dowamynda Pekin hemişe arap we musulman ýurtlary goldaýar we palestina halkynyň kanuny hukuklarynyň dikeldilmegini goldaýar diýdi.

Tags