Jan 04, 2024 22:10 Asia/Ashgabat
  • Kermandaky terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini DAEŞ öz üstüne aldy

DAEŞ terrorçylyk topary öz beýanynda Eýranyň günortasyndaky Kerman şäheriniň şehitler mazarynda bolup geçen terrorçylykly partlamalaryň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Çarşenbe güni öýleden soň, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds Güýçleriniň öňki serkerdesi general Gasem Soleýmanyň şehit bolmagynyň ýyl dönüminde, Kermanyň şehitler mazaryna barýan ýolda zyýaratçylaryň arasynda iki sany terror partlamasy boldy, bu bolsa onlarça adamyň şehit bolmagyna we 200-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Şunuň bilen baglylykda we habarçymyzyň beren habaryna görä, şu gün DAEŞ terrorçylyk topary beýannama bermek bilen Kermandaky bu jenaýatyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Tags