Yslamabat: Eýran henizem Pakistanyň dosty we dogan ýurdydyr
(last modified Fri, 26 Jan 2024 08:44:37 GMT )
Jan 26, 2024 13:44 Asia/Ashgabat
  • Yslamabat: Eýran henizem Pakistanyň dosty we dogan ýurdydyr

Päkistanyň premýer-ministri bu ýurt bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlugyň taryhyna, esasanam Yslamabadyň goňşusynyň howpsuzlyk meselelerini çözmek ugrundaky tagallalaryna salgylanyp Eýran henizem Pakistanyň dosty we dogan ýurdydyr diýdi.

Eýranyň Pakistandaky terrorçylaryň merkezine eden soňky hüjüminden we Pakistanyň Eýranyň serhet nokadyna garşy ýene bir ybaratda bu ýurduň hökümetiniň yglan etmegine görä pakistanly terroristleriň ýaşaýan ýerine hüjüminden soň, iki ýurduň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän gatnaşyklara düşnüksizlik kölegesi düşdi şeýle-de bolsa, iki ýurduň resmileri dartgynlygyň güýçlenmeginiň öňüni almalydygyny bellediler, soň Yslamabat Tähran bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky dartgynlygy azaltmak barada şertnama yglan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi bilen Pakistanyň Daşary işler ministrligi hem bilelikde beýannama berdiler we iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň iki tarap iki ýurduň ilçileriniň 2024-nji ýylyň 26-njy ýanwaryna çenli iş ýerlerine gaýdyp geljekdigi barada ylalaşdylar diýip yglan etdiler.

Eýran-Päkistan gatnaşyklarynyň kadaly ýagdaýa gelmegi bir ýagdaýdadyr welin käbir duşman taraplar Tähran bilen Yslamabadyň arasyndaky dartgynlylykdan we garaňkylykdan ýaramaz ulanmagy maksat edinýärdiler.

IRNA-nyň anna güni beren habaryna görä, şunuň bilen baglylykda Pakistanyň premýer-ministri Anwarul Hak Kakar metbugat söhbetdeşliginde Pakistan sebitdäki we halkara kynçylyklarda goňşusy we dogany Eýranyň ýanynda hemişe durdy we hiç haçan bu ýurda garşy başdan geçirmelere goşulmady diýdi.

Pakistanyň premýer-ministri Anwarul Hak Kakar sözüniň dowamynda geçmişde Pakistan Eýranyň howpsuzlyk meselelerini, şol sanda terrorçy elementleriň Tährana ekstradisiýa edilmegini çözmek üçin çäreleri gördi we indi bolsa, iki ýurduň arasyndaky köp sanly aragatnaşyk kanallaryndan, esasanam howpsuzlyk we aňtaw hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek arkaly serhetlerimizdäki umumy kynçylyklary çözüp bileris diýip umyt edýäris diýdi.

Päkistanyň wagtlaýyn hökümetiniň premýer-ministri iki goňşynyň (Eýran we Päkistan) arasynda strategiki konfliktiň ýa-da prinsipial tapawudyň ýokdugyny aýtdy.

Ykdysady we howpsuzlyk ýaly dürli ugurlarda goňşulary, şol sanda Pakistan bilen gatnaşyklary giňeltmek Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr.

Tags