May 05, 2024 16:59 Asia/Ashgabat
  • Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň garaşsyz Palestina döwletiniň ykrar edilmegini islemegi

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy garaşsyz Palestina döwletiniň ykrar edilmegini isledi.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Trinidad we Tobago Respublikasynyň Palestina döwletini ykrar etmek kararyny garşy aldy we bu çäräni halkara kanunlaryna laýyk gelýän möhüm ädim hasaplady we Birleşen Milletler Guramasynyň degişli kararlaryna laýyk gelýändigini yglan etdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Palestina döwletini ykrar etmedik ähli ýurtlary Ysraýylyň basyp alyşlygyny bes etmek boýunça halkara tagallalaryna goldaw bermäge we sebitde parahatçylygy we durnuklylygy gazanmak üçin, garaşsyz Palestina döwletini ykrar etmäge çagyrdy.

Trinidad we Tobago respublikasy geçen hepde Palestina döwletini resmi taýdan ykrar etdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçylarynyň 15-nji iki günlük sammiti düýn (4-nji maý) Gambiýanyň paýtagty "Banjulda" başlandy.

Bu sammitiň jemleýji teklipleriniň taslamasy, dünýä ýurtlaryny garaşsyz Palestina döwletini ykrar etmäge çagyrmak baradaky teklipleri goşmak bilen beriljekdir.

Geçen ýylyň 18-nji aprelinde Howpsuzlyk Geňeşiniň 12 agzasy, şol sanda Russiýa we Hytaý, Palestiniň Birleşen Milletler Guramasyna doly agzalygyny kabul etmek kararyna ses berenlerinde, ABŞ bu karara weto goýdy.

Garaşsyz Palestina döwleti, Birleşen Milletler Guramasyna 193 agza döwletiň 140-sy tarapyndan ykrar edildi we 95 ýurtda Palestinanyň ilçihanalary we hemişelik wekilhanalary bar.

Tags