Jun 20, 2024 15:26 Asia/Ashgabat
  • Russiýanyň prezidenti: Russiýanyň Wýetnam bilen strategiki gatnaşyklaryny pugtalandyrmak Moskwanyň ileri tutýan ugurlaryndan biridir

Russiýanyň prezidenti Wýetnam bilen hemmetaraplaýyn strategiki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Moskwanyň ileri tutýan ugurlaryndan biridigini aýtdy.

Penşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Koreýa sapary gutarandan soň Wýetnamyň prezidenti Tu Lamyň resmi garşylanmagy bilen Wýetnamyň paýtagty Hanoýa bardy.

"Sputnik" habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Wýetnamyň prezidenti bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Wýetnam bilen hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ünsi çekip, Moskwa bilen Hanoýyň parlamentler, ministrlikler we edaralar arkaly yzygiderli we manyly syýasy aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.

Putin Hanoýyň Ukraina urşy baradaky pozisiýasyna ýokary baha bermek bilen iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň sekiz göterim ösüşini belläp geçdi.

Mundan başga-da Russiýanyň prezidenti, Wýetnamyň esasy agzalarynyň biri bolan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigi (ASEAN) bilen gepleşikleriň we geňeşmeleriň ösdürilmegine Moskwanyň uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Wýetnamyň prezidenti hem "Russiýanyň halkara arenasyndaky orny hemişe güýçlenýär" diýmek bilen Hanoý Moskwa bilen strategiki hyzmatdaşlygyň ösmegine uly ähmiýet berýär we Wýetnamyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr diýdi.

Tags