Sep 24, 2024 14:20 Asia/Ashgabat
  • Fransiýanyň Liwan boýunça BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly ýygnagyny geçirmek üçin haýyşy

Fransiýanyň Daşary işler ministri Sionist režimiň Liwanda eden jenaýatlarynyň güýçlendirilmegi bilen baglanyşykly BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly ýygnagynyň geçirilmegini isledi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Fransiýanyň Daşary işler ministri "Žan-Noel Barot" ähli taraplardan hemmeler üçin zyýanly bolýan sebitdäki konfliktleriň ýaýramagynyň öňüni almak isledi.

Duşenbe güni irden Sionist goşun Liwanyň günortasyndaky dürli sebitlere giň gerimli hüjümleri amala aşyrdy.

Liwanyň "Hizbullah" hereketi hem bu ýurtda asuda ilata edilen hüjümlere jogap edip, irden basyp alnan Palestiniň demirgazygyndaky sionist pozisiýalaryna we oturymly ýerlerine garşy operasiýa başlady we soňky sagadyň dowamynda onlarça raketa atmak bilen, sionist režimiň harby pozisiýalaryna raketalary ýagdyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäri Liwan bilen Sionist režimiň arasyndaky konfliktleriň ýaýramagy barada duýduryş berdi.

Sişenbe güni irden Nýu-Yorkorkda habarçylaryň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatyna jogapkär "Jozef Burrell" Sionist režimiň Liwana eden hüjümlerine we parahat ilatdan ýokary ýitgilere jogap hökmünde Ýewropanyň sebitdäki söweşleriň ýaýramagy baradaky aladasy hakykata öwrüldi diýip aýtdy.

Tags