Hytaý Donald Trumpyň palestinalylary Gazadan çykarmak meýilnamasyna garşy boldy
(last modified Wed, 05 Feb 2025 10:19:36 GMT )
Feb 05, 2025 15:19 Asia/Ashgabat
  • Hytaý Donald Trumpyň palestinalylary Gazadan çykarmak meýilnamasyna garşy boldy

Hytaý ABŞ-nyň prezidentiniň Waşingtonyň Gaza zolagyna gözegçilik etmek we palestinalylary göçürmek meýilnamasy baradaky aýdanlaryna garşydygyny aýtdy.

Sişenbe güni gije, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Donald Trump Gazada ýaşaýan palestinalylary Günbatar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna geçirmek baradaky sözlerini ýene bir gezek gaýtalamak bilen, bu ynsanperwerlik işdir; Sebäbi hiç kim uruşa uçran sebitde galmak islemeýär diýip toslady.

"Pars Today" -iň habaryna görä, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Lin Jian çarşenbe güni Trumpyň meýilnamasy baradaky soragyň jogabynda, Pekin palestinalylaryň üstünden özygtyýarlylygyň söweşden soň Gazany dolandyrmagyň esasy ýörelgesidigini hemişe nygtap gelýär we biz bu zolagyň ýaşaýjylarynyň mejbury geçirilmegine garşy çykýarys diýdi.

Lin Jian sözüniň dowamynda, Hytaý konfliktden soňky dolandyryş we diplomatik gepleşikleri parahatçylykly syýasy çözgüt ugrundaky tagallalary gönükdirmek üçin bir mümkinçilik hökmünde görýär diýdi.