Kallas: Amerika Russiýanyň duzagyna düşmeli däldir
(last modified Wed, 19 Feb 2025 07:40:48 GMT )
Feb 19, 2025 12:40 Asia/Ashgabat
  • Kallas: Amerika Russiýanyň duzagyna düşmeli däldir

Saud Arabystanynda geçirilen rus-amerikan gepleşiklerine jogap hökmünde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Kaýa Kallas ruslaryň parahatçylygy islemeýändigini aýtmak bilen Waşingtony Moskwanyň duzagyna düşmezlige çagyrdy.

Pars Today -iň habaryna görä, Kallas çarşenbe güni irden X sosial ulgamynda ýazan hatynda: Russiýa aramyzda düşünişmezlik döretmäge synanyşar. Olaryň duzagyna düşmäň. Bilelikde işlemek bilen, biz we ABŞ Ukrainanyň şertlerinde dowamly we adalatly parahatçylygy gazanyp bileris diýdi.

Şeýle hem Kallas sişenbe güni neşir edilen “EurActiv” web sahypasyna beren interwýusynda ruslaryň parahatçylyk islemeýändigini aýtdy.

Ol sözüniň dowamynda, ilki bilen, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine parahatçylyga tarap hereket eder ýaly basyş bermelidiris diýdi.

.Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy şeýle-de Amerikalylar islänleri bilen duşuşyp bilerler, emma Ukraina baradaky islendik parahatçylyk şertnamasynyň güýje girmegi üçin Ýewropalylar we Ukrainalylar hem gatnaşmalydyrlar diýdi.

Bu arada Ukrainanyň prezidenti düýn Türkiýäniň prezidenti bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda, Riýad duşuşygy (Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda) biziň üçin garaşylmadyk bir zat boldy; Bu biziň üçin hökmany däl we biz onuň netijelerine gyzyklanmaýarys diýdi.

Wolodymyr Zelenskiý sözüniň dowamynda Ukraina (konfliktiň gutarmagy bilen baglanyşykly) şertler adalatly bolsa, kabul edilip bilner diýdi.