Alyýew: Eýran bilen gowy gatnaşyk isleýäris
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew "ähli goňşularymyz, şol sanda Eýran bilen gowy gatnaşyklar isleýäris" diýmek bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti doktor Masud Pezeşkianyň Azerbaýjana boljak saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys diýdi.
Pars Today -iň çarşenbe güni Azerbaýjan Respublikasynyň APA habar gullugynyň sözlerine salgylanyp beren habaryna görä, Ilham Aliýew Azerbaýjan Respublikasynyň ADA uniwersiteti tarapyndan gurnalan "Täze dünýä tertibi bilen çemeleşme" atly halkara forumda eden çykyşynda, Prezident Pezeşkianyň şu aý Azerbaýjana boljak saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys diýdi. Hem-de geljekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we sebitleýin ösüş nukdaýnazaryndan bu sapary diýseň möhüm hasaplaýarys diýdi.
Ilham Aliýew şeýle hem soňky aýlarda iki ýurduň ýokary wezipeli adamlary köp sapar etdiler. Prezidentiň [Masud Pezeşkian] ýeňiş gazanmagyna sebäp bolan Eýrandaky saýlaw prosesi, şeýle hem Eýrandan alýan habarlarymyz bizi ruhlandyrýar diýip belläp geçdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti sözüni şeýle dowam etdirdi: Şonuň üçin biz ähli goňşularymyz, şol sanda Eýran bilen gowy gatnaşykda bolmak isleýäris.