UNISEF: Gaza çagalar gonamçylygyna öwrüldi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27050
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) metbugat sekretary duşenbe güni Gaza zolagynyň katastrofiki şertlere duçar bolýandygyny we çagalar gonamçylygyna öwrülendigini duýdurdy.
(last modified 2025-07-21T14:48:47+00:00 )
Jul 21, 2025 19:48 Asia/Ashgabat
  • UNISEF: Gaza çagalar gonamçylygyna öwrüldi

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) metbugat sekretary duşenbe güni Gaza zolagynyň katastrofiki şertlere duçar bolýandygyny we çagalar gonamçylygyna öwrülendigini duýdurdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) sebitleýin metbugat sekretary Gazanyň katastrofiki şertlere duçar bolýandygyny we bu zolagyň global äsgermezlik sebäpli çagalar üçin gonamçylyga öwrülendigini aýtdy.

BMG resmisi sözüniň dowamynda Gaza zolagyna garşy gabaw we oňa ynsanperwer kömeginiň girizilmegi baradaky çäklendirmeler sebitde ölümleriň köpelmegine sebäp bolýar diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) sebitleýin metbugat sekretary: Ysraýyl režimi Gaza girmek üçin ynsanperwer kömegini bermek baradaky köp haýyşlara garşy çykdy we bu garşylyklar zolagyň şu gün şaýatlyk edýän şertlerini döretdi.