Eýran bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklary dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i3904-eýran_bilen_orsýetiň_hyzmatdaşlyklary_dowam_edýär
Orsýet bilen energiýa ministri Aleksander Nowak Amerikanyň amala aşyrjak täze gadaganlyklaryndan soňra hem Moskwa döwleti Tehran bilen saklaýan hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirjekdir diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 04, 2018 15:08 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklary dowam edýär

Orsýet bilen energiýa ministri Aleksander Nowak Amerikanyň amala aşyrjak täze gadaganlyklaryndan soňra hem Moskwa döwleti Tehran bilen saklaýan hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirjekdir diýip yglan etdi.

Orsýet bilen energiýa ministri Aleksander Nowak sözüniň dowamynda Eýran bilen Orsýetiň arasynda gol çekilen nebit ylalaşygy karara gelinen mukdarda ýa-da ähtimallaýin düzedişlik esasynda amala aşyryljakdyr diýip nygtady.

bu ylalaşyk 4 ýyl bäri amala aşyrlyp gelýändir we Waşington döwletiniň Eýrana garşy gadaganlyklary ýatyran wagtynda hem dowam etdi diýip Aleksander Nowak sözüne goşdy.

Nowak şeýle-de her ýyl Eýrandan Orsýete 5 million tonna nebit eksport edilýändir we bu mukdar iki tarapynyň islegi esasynda üýtgäp başarýandyr diýip beýan etdi.