Orsýet Ýewropadaky kompaniýalardan Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmeklerini isledi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i3971-orsýet_Ýewropadaky_kompaniýalardan_eýran_bilen_hyzmatdaşlyk_etmeklerini_isledi
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwa döwleti Ýewropadaky kompaniýalaryň Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmegini isleýändir diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 18, 2018 19:26 Asia/Ashgabat
  • Orsýet Ýewropadaky kompaniýalardan Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmeklerini isledi

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwa döwleti Ýewropadaky kompaniýalaryň Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmegini isleýändir diýip yglan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Sergeý Lawrow sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygynyň bilelikdäki iş maslahatynyň bütin taraplar arkaly amala aşyrylmagyny nygtamak bilen bir wagtda Moskwa döwleti Ýewropanyň jogapkärlerinden Amerikanyň gadaganlyklaryna garamazdan Ýewropanyň kompaniýalarynyň Eýranda işläp bilmeklerine şert döretmegine garaşýandyr diýip nygtady.

Lawrow şeýle-de Eýran bilen söwda edýän ýurtlara garşy Amerikanyň haýbat atmaklaryna yşarat edip bu haýbat atmalaryň ýadro ylalaşyga gol çeken ýurtlara täsir etmezligini umyt etdi.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň 8-nji Maýnda Eýrana garşy esassyz toslamalaryny gaýtalap Waşingtonyň ýadro ylalaşygyndan çykýanlygyny we Eýrana garşy ýadrolyk gadaganlyklaryň iki tapgyrda gaýtalap başlanýanlygyny yglan etdi.

Britaniýa,Fransiýa,Orsýet,Hytaý,Germaniýa we Ýewropa Bileleşigi ýadro ylalaşygyna gol çeken taraplar höküminde bu halkara ylalaşygy goldaýanlygyny yglan etdiler.