Sobhanifar:Eýran bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklarynyň ösüşiniň ugurynda böwet ýokdyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4328-sobhanifar_eýran_bilen_orsýetiň_hyzmatdaşlyklarynyň_ösüşiniň_ugurynda_böwet_ýokdyr
Eýran bilen Orsýetiň dostluk parlamentlik toparynyň başlygy dürli ugurlarda iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ýokarlandyrylmagyny garşy aldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 11, 2018 11:27 Asia/Ashgabat
  • Sobhanifar:Eýran bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklarynyň ösüşiniň ugurynda böwet ýokdyr

Eýran bilen Orsýetiň dostluk parlamentlik toparynyň başlygy dürli ugurlarda iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ýokarlandyrylmagyny garşy aldy.

Eýran bilen Orsýetiň dostluk parlamentlik toparynyň başlygy Ramazanali Sobhanifar düýn Moskwada Orsýetiň mejlis başlygynyň orunbasary Elýas Muhammet Omahanow bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň gowy gatnaşyklaryndan kanagatlanma bildirmek bilen iki ýurdyň mejlislerindäki dostluk parlament toparlaryň özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Sobhanifar şeýle-de Eýran we Orsýete garşy Amerikanyň amala aşyrýan gadaganlyklar syýasatyny tankyt etmek bilen bir wagtda Eýran we Orsýetiň özleriniň içeriki başarnyklaryna daýanyp ösmekleri we garaşsyzlyklaryny goramaklary Amerika döwletini iki ýurdyň milletine ykdysady basyşlary bermek bilen olary kynçylyga salmak ugurda hereket etmeklige iterendir emma Amerikanyň bu syýasaty hem öňkiler ýaly şowsyz boljakdyr diýdi.

Orsýetiň mejlis başlygynyň orunbasary Elýas Muhammet Omahanow hem bu duşuşykda iki ýurdyň gowy gatnaşyklaryndan ylaýtada soňky ýyllarda Tehran - Moskwanyň dürli ugurlarda şol sanda parlament hyzmatdaşlyklary ugurda ösüşe bakan gatnaşyklaryndan kanagatlanma bildirdi.