Musawi:Eýran Owganystanyň barylşyk gepleşiklerini goldaýandyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i5159-musawi_eýran_owganystanyň_barylşyk_gepleşiklerini_goldaýandyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seyed Abbas Musawi Eýran Owganystanyň durnuklylygyna,parahatçylygyna we howpsuzlygyna sebäp bolup biljek her bir hereketden arka çykýandyr diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 30, 2019 13:26 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Eýran Owganystanyň barylşyk gepleşiklerini goldaýandyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seyed Abbas Musawi Eýran Owganystanyň durnuklylygyna,parahatçylygyna we howpsuzlygyna sebäp bolup biljek her bir hereketden arka çykýandyr diýip yglan etdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seyed Abbas Musawi Kabulda Owganystanyň Loýe-Jerge maslahatynyň geçirip başlanmagyna yşarat edip Eýran Owganystanyň howpsuz we durnukly bolmagyny isleýändir diýip nygtady.Owganystanyň parahatçylygy baradaky bu ýurduň Loýa-Jirge maslahaty düýn bu ýurduň boýdan başyndan gelen 3 müň 200 wekiliň gatnaşmagyndan Kabulda geçirilip başlandy.bu maslahat 4 gün uzaga çeker.

Owganystanyň Loýa-Jirge maslahaty bir ýagdaýda geçirilýändir welin bu ýurduň syýasy şahsyýetleriniň köpüsi şol sanda Abdullah Abdullah bu maslahata gatnaşmajakdyklaryny yglan edendirler.