Amir Abdollahiýan:Eýran bar güýji bilen Liwany goldajakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i5588-amir_abdollahiýan_eýran_bar_güýji_bilen_liwany_goldajakdyr
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Eýran Yslam Respublikasynyň bar güýç kuwwaty bilen Liwanyň milletini,döwletini,goşununy we çydamyny goldajakdyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 17, 2019 16:56 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahiýan:Eýran bar güýji bilen Liwany goldajakdyr

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Eýran Yslam Respublikasynyň bar güýç kuwwaty bilen Liwanyň milletini,döwletini,goşununy we çydamyny goldajakdyr diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Amir Abdollahiýan şu gün Beýrutda Liwanyň mejlis başlygy Nabih Beri bilen geçiren duşuşygyndan soň habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Tehran-Beýrutyň gatnaşyklarynyň we arkalaşyklarynyň barha ösmegini umyt etdi.

Amir Abdollahiýan Eýran Yslam Respublikasy we onuň ýaranlary sebitiň howpsuzlygy bilen oýun etmäge Sionist režimidir Amerika döwletine rugsat bermez diýmek bilen Liwanyň howpsuzlygy sebitiň we Eýranyň howpsuzlygydyr we Sionist duşmanyň käbir haýbat atmalary sebitiň bähbidine däldir diýip beýan etdi.

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Liwana sapar etmezden öňürti Siriýa baryp bu ýurduň ýokary derejeli resmileri şol sanda prezidenti Başar Assad bilen duşuşypdy.