Zarif Norwegiýaly resmiler bilen duşuşdy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Norwegiýanyň paýtagty Oslo-da bu ýurduň premýer-ministri bilen duşuşyp iki taraplaýyn,sebit we halkara meseleleri barada gürrüň etdi.
Zarif şeýle-de Oslo-da Norwegiýanyň söwda we senagat ministri bilen hem duşuşyp gürrüň etdi. Eýranyň daşary işler ministri özüniň Norwegiýa saparynyň dowamynda bu ýurduň halkara barlaglar merkeziniň maslahatyna gatnaşyp Pars Aýlagynda uruşyň howpy barada duýduryş bermek bilen Eýran Pars Aýlagynda uruşy başlamaz emma hökman özüni gorar diýip yglan etdi.
Zarif Amerikanyň Eýran milletiniň tersine ýola berip duran gadaganlyklary üçin gynanç bildirip düýäniň beýleki ýurtlary Amerikanyň zor aýtmagyna rugsat bermeli däldirler Eýran hem hergiz zoruň assyna girmez diýip beýan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri şu gün şeýle-de Norwegiýanyň parlamentiniň goranmak we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Anika Hatfild bilen hem duşuşyp iki taraplaýyn we sebitleýin meseleleri barada şeýle-de ýadro ylalaşygyň iş maslahaty barada gürrüň etdi.