Putin DAEŞ-iň ýaýramagy barada duýduryş berdi
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Siriýaniň çägindäki Türkiýäniň amala aşyrýan harby operasiýalarynyň terrorçy DAEŞ toparynyň agzalarynyň pytyramagyna we başga ýurtlara şol sanda GDA-nyň düzümindäki ýurtlara aralaşmagy barada duýduryş berdi.
Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisinde çykyş eden Wladimir Putin Siriýanyň demirgazygynda terrorçy DAEŞ toparynyň agzalarynyň bir merkezi bardyr bu sebit şu wagta çenli kürt militanlaryň erkindedi we durmuşky ýagdaýda Türkiýäniň harbylarynyň bu sebite girmegi bilen terrorçylar başga mekanlara çaşyp başarýarlar diýdi.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz kärdeşlerine garap Türkiýäniň harbylarynyň amala aşyrýan operasiýýalaryndan soňra DAEŞ terrorçylary nirä gaçyp atýarlar? olar Türkiýäniň serhetleri we Siriýanyň başga sebitleri üstünli her bir mekana aralaşyp başarýarlar diýip nygtady.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şeýle-de GDA-nyň düzümindäki ýurtlardan täze wehimlere garşy göreşmäge taýýar bolmaklaryny isledi.