Orsýetiň bomba oklaýan uçarlarynyň Eýranyň asmanynda uçanlygy ýalana çykaryldy
Dec 19, 2019 18:02 Asia/Ashgabat
Orsýetiň goranmak ministrligi bu ýurdyň bomba oklaýan uçarlarynyň Eýranyň asmanynda uçanlygy barada bir sionist habar serişdäniň beren habaryny ýalana çykardy.
Riýanowesti habarlar gullugynyň beren habaryna görä Orsýetiň goranmak ministrligi bu ýurdyň daş ýollary aşýan topolof - 22 M hilindäki uçarlarynyň Eýranyň howa çäginden haýyrlanmagy barada Debka Faýl internet saýtynda neşir edilen habar ýalandyr diýip yglan etdi.
sinist režimine degişli bolýan Debka Faýl internet saýty Orsýetiň bomba oklaýan uçarlary Siriýa tarap uçmak üçin Eýranyň howa çäginden haýyrlanýarlar, Orsýet bu işini Amerika bilen Ysraýylyň howa güýjüniň edýän hyzmatdaşlyklarynyň gaýtawulynda edendir diýip toslapdy.
Tags