ABŞ-nyň Eýrana garşy täze sanksiýalary
Eýran Yslam Respublikasyna garşy alyp barýan duşmançylykly syýasatlarynyň dowamynda ABŞ-nyň Gazna ministrligi Eýran bilen baglanyşykly birnäçe adama we kompaniýalara täze sanksiýalar girizdi.
ABŞ-nyň Gazna ministrligi anna güni Omandaky Taif dag magdan hyzmatlary kompaniýasynyň we Yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýçleri bilen arabaglanşykda bolmagy üçin Amir Diant atly bir adamyň Amerikanyň sanksiýalar sanawyna girizilendigini yglan etdi.
Bu sanksiýalar bir ýagdaýda amala aşýandyr weli soňky günlerde Amerika döwleti Eýranyň garşy ýarag gadaganlygyny giňeltmek üçin köp tagallalary edip durandyr.
Nýu-Yorkork Taýms duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Miyk Pompeonyň Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatynyň çarçuwasynda ýadro ylalaşygyndaky maddalardan birini ulanyp, Eýrana garşy ýarag gadaganlygyny giňeltmäge synanyşýandygyny habar berdi.
BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyndaky düzgünlerine laýyklykda Eýrana ýarag satmak baradaky gadaganlyklar 2020-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda ýatyrylar.