Borelyň ,Amerikanyň ýadro ylalaşykdan çykanlygy hakda aýdan gürrüňleri
ÝB-yň daşary syýasat jogapkäri Jozep Borel ,Amerika ýadro ylalaşykdan çykanlygy hakda gürrüň berendir.
Amerikanyň prezidenti Donald Tramp,ýadro ylalaşygy gaty tankyt edip ahyr soňy hem 2018-njy ýylyň maý aýynyň 8-inde Amerikany bu ylalaşykdan çykardy.şeýle halda Waşington pursat talap bolmagynyň çarçuwasynda her haçan öz bähbitine bolan ýerinde,ýadro ylalaşykdaky hukukdan haýyrlanmakda şol sanda MAŞE mekanizmdan haýyrlanmakda haklydygyny toslaýar.bu mesele indi Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň wagtynyň uzaklaşdyrmagy barada Trampyň döwletiniň toslaýan gürrüňlerinde äşgär bolandyr.emma bu mesele 4+1 toparyň garşylyk görkezmelerine gabat gelendir.ÝB-yň daşary syýasat jogapkäri Jozep Borel geçen seşenbe güni beren gürrüňlerinde,Amerikaň ýadro ylalaşykdan çykandygyna yşarat edip,Waşingtoň,Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň dowam edilmegi ugurynda mundan ozal ýadro ylalaşygyň agzasy bolmagynyň hak hukuklarynadan haýyrlanyp bilmeýär diýidi.Borel bu gürrüňlerini Hytaýyň DIM-y bilen geçiren duşuşygyndan soň aýdyp,Amerikaň indi ýadro ylalaşykda hiç bir roly ýokdyr diýdi.Borel,Amerika ýadro ylalaşykdan çykandyr we indi bu ylalaşygyň bir bölümidigini toslap şonuň üsti bilen Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň wagtyny uzaklaşdyryp bilmeýär,olaryň ýadro ylalaşykdan çykandyklary aýdyňdyr diýip yglan etdi.ÝB-ynyň daşary syýasat jogapkäri Jozep Borel,Waşingtonyň ýadro ylalaşykdaky haklaryndan paýly bolmagy barada Trampyň döwletiniň toslamasyna garşy bolmagy,hatda Amerikaň Ýewropaly şärikleriniň hem,şu ýerlikde Amerikaň ýokary derejeli resmileri tarapyndan ara atylýan gürrüňleri puç gürrüň bilýändiklerini görkezýändir.Borel,Amerika 2018-njy ýylyň maý aýynda ýadro ylalaşykdan çykmagyndan aýry,ýadro ylalaşygyň komysýonynyň oturuşyklarynyň hiç birisine hem goşulandäldir diýip açyk beýan edendir.şeýle halda Trampyň döwleti,Amerikaň henizem ýadro ylalaşyga goşulýan taraplaryň birisidigini we şu çarçuwada bu ylalaşykda getirlen çözgüt ýollardan şolsanda Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň dowam edilmegi üçin MAŞE mekanizmdan haýyrlanmakda hakly bolýandygyny toslaýandyr.her halda .ÝB-yň daşary syýasat jogapkäri Jozep Borelyň aýdan gürrüňleri bilen,Waşington,Amerikaň ýadro ylalaşygyň agzasydygy we onuň mazlyklaryndan haýyrlanyp bilmeýänligi barada Ýewropaly ýaranlarynyň ylalaşyk bildirýändiklerini yglan edip bilýändäldir.