Amerikanyň döwlet sekretarynyň Eýrana garşy pozisiýasynyň dowamy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7915-amerikanyň_döwlet_sekretarynyň_eýrana_garşy_pozisiýasynyň_dowamy
Amerikanyň daşary işler ministri ýadro ylalaşygyň iş maslahaty barada Waşingtonyň ýola beren iş bozarlyklaryna yşarat etmezden Eýranyň halkara atom energiýasy guramasy bilen doly arkalaşmagyny isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 17, 2020 12:57 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň döwlet sekretarynyň Eýrana garşy pozisiýasynyň dowamy

Amerikanyň daşary işler ministri ýadro ylalaşygyň iş maslahaty barada Waşingtonyň ýola beren iş bozarlyklaryna yşarat etmezden Eýranyň halkara atom energiýasy guramasy bilen doly arkalaşmagyny isledi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Amerikanyň döwlet sekretary Maik Pompeo, Waşingtonyň özüniň birtaraplaýyn syýasatlaryna ters gelýän halkara guramalara ynam bildirmese-de, sişenbe güni halkara jemgyýetçiliginiň Eýrany Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen derrew we doly hyzmatdaşlyga çagyrmalydygyny aýtdy.

Pompeo, şeýle hem Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň, soňky dört aýda Eýranyň ýadro saýtlarynyň iki bölegine girmegine rugsat bermändigini tassyklandygy toslady.

bu günler ýigrenji ministri hökmünde tanalýan ABŞ-nyň daşary işler ministri Eýranyň döreden bu görlüp-eşidilmedik päsgelçiliklerini kabul edip bolmajakdygyny we howatyrlandyryjydygyny aýtdy.

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) baş müdiri Rafael Grossi, IAEA Dolandyryjylar Geňeşiniň duşenbe güni geçirilen wirtual ýygnagynda Ak tamyň syýasatlary bilen ugurdaş gelýän we bu guramanyň köp sanly hasabatyna ters gelýän hasabatynda dört aýdan gowrak wagt bäri, Eýran inspektorlaryň agentligiň isleýän iki ýerine girmeginiň öňüni alýar diýip toslady.