Dolandyryjylar geňeşinde Ýewropa Troikasynyň Eýrana garşy kararynyň tassyklanmagy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7941-dolandyryjylar_geňeşinde_Ýewropa_troikasynyň_eýrana_garşy_kararynyň_tassyklanmagy
Hytaý bilen Orsýetiň bildiren tersleşmelerine garamazdan Halkara Atom Energiýasy uramasynyň Dolandyryjylar geňeşinde Ýewropa Troikasynyň Eýrana garşy öňe süren karary makullandy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 19, 2020 11:32 Asia/Ashgabat
  • Dolandyryjylar geňeşinde Ýewropa Troikasynyň Eýrana garşy kararynyň tassyklanmagy

Hytaý bilen Orsýetiň bildiren tersleşmelerine garamazdan Halkara Atom Energiýasy uramasynyň Dolandyryjylar geňeşinde Ýewropa Troikasynyň Eýrana garşy öňe süren karary makullandy.

Britaniýa,Fransiýa we Germaniýadan ybarat bolan Ýewropa Troikasy şu gün makullanan ýaňky karar hatda Amerikanyň hemaýat bermeginde Eýrandan Halkara  Atom Energiýasynyň  aýdýan iki saýtyny Agentligiň gözegçileriniň el ýeterliginde goýmakda ýola berýän böwetlerine soň bermegini we Agentlik bilen doly arkalaşmagyny isledi.

Şu günki ses berişlikde Hytaý we Orsýet rezolýusiýa garşy ses berdiler we ýedi ýurt ses bermekden saklandy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Wenada ýerleşýän halkara guramalarynda hemişelik wekili Kazem Gharibiabadi, IAEA-nyň Dolandyryjylar geňeşinde üç Ýewropa döwleti tarapyndan IAEA-a iki goşmaça ygtyýar bermezlik bahanasy bilen teklip edilen kararyň kabul edilmeginiň gaýtawulynda Eýran Yslam Respublikasy Dolandyryjylar geňeşiniň kararyny düýbünden ret edýär we oňa jogap hökmünde degişli çäreleri görer diýip beýan etdi.

Kazem Gharibabadi, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň  ýygnagynyň soňky gününde beren gürrüňlerinde Eýran Yslam Respublikasy, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň we Agentligiň barlaglaryny kabul etmegiň iň ýokary derejesine eýe bolýan mahaly we Halkara Atom Energiýasynyň gözegçileriniň Eýranyň ýadro saýtlaryny her ýylda 33 gaýtardan artykmaç barlaýan mahallary bu karar hatyň çykarylmagy bir syýasy işdir diýip sözlerine goşdy.