Jun 21, 2020 00:34 Asia/Ashgabat
  • Demirgazyk Koreýa Amerika duýduryş berdi

Demirgazyk Koreýanyň Orsýetdäki ilçihanasy ABŞ-a Koreýa ýarym adasynda uruş ölçermegi barada duýduryş berdi.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Phenýan bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlykdan soň, Demirgazyk Koreýanyň Orsýetdäki ilçihanasy şenbe güni Waşingtona Koreýa ýarym adada söweş başlasa ABŞ-ny ýadro raketalary bilen ýok eder diýip haýbat atdy.

Demirgazyk Koreýanyň Orsýetdäki ilçihanasy şeýle-de her kimi jeza berip biljek ýadro raketalarynyň bardygyny aýtmak bilen Demirgazyk Koreýa howp salýanlar bu raketalar bilen ýok ediler diýip yglan etdi.

Demirgazyk Koreýa, ABŞ-nyň harby güýçleriniň sebitde bolmaklaryny we Koreýa ýarym adasynda türgenleşikleri geçirmegini sebitdäki dartgynlygyň güýçlenmeginiň sebäpkäri bilýändir we elmydam Amerikalylaryň sebitden çykmaklaryny we türgenleşikleri togtatmagyny isleýändir.

Tags