Amerikanyň,Eýrana berýän sanksiýalry artýandyr
Trampyň döwleti öz kanuny bolmaýan isleglerine Eýrany boýun etmek üçin tagalla etmeginde,Eýrana aňyrbaş agram bermek syýasaty ileri sürüp 2018-njy ýylyň maý aýynda ýadro ylalaşykdan çygmagyndan soň Eýranyň güýçli sanksiýalara saldy.
Emma bu işleriň netijesiz bolmagy bilende Waşington henizem sanksiýalaryň artdyrmaklaryny nygtaýandyr.şu ugurda Amerika Eýrana garşy täze sanksiýalaryny ýola berdi.bu sanksiýalar,Eýranyň polat we beýleki demir şaý sungatynda işleýän 8 kompanyýany maksat edinýändir.Sirjanyň polat dünýäsi diýen kompanyýasy,Eýranyň merkezi welaýatynyň Säng Ahan kompanyýasy we Metil adyndaky polat kompanyýasy,Eýranyň sanksyýalara salynan kompanyýalaryndandyr.Amerikaň haznadarlyk ministrliginiň beýannamasynda,bu gurunja,Eýranyň demir şaý sungatynda işleýän polat,aluminýom we demir şaý kompanyýalarynyň 4-syny şol sanda Eýranyň Foolad-Mubareke kompanyýasynyň Huňkoňdaky bölümini sanksiýalara salýar diýlip getirlendir. Amerikaň haznadarlyk ministrligi şeýlede,Germaniýada bolan bir satu wekilçiligi we Birleşen Arap Emirliklerindäki 3 wekilçiligi, Foolad-Mubareke kompanyýanyň işlerinde bolýandyklary babatly sanksiýalar listesinde goýandyr. Foolad-Mubareke kompanyýasy mundan ozal hem 2018-njy ýylda Amerikaň sanksiýalar listesinde bolupdy.Isfahanyň Foolad-Mubareke kompanyýasy Aziýanyň günbatary bilen Afrikanyň demirgazygynda polat önderýän iň uly kärhanadyr we Amerikaly çeşmeleriň beren habarlary boýunça Eýranyň jemi içerki önüminiň bir göterim paýyny özüne haslaýandyr.Waşington Tährany,dünýäň boýdan başyndaky işleriniň harçyny tapmak üçin demir şaý önderýänlerden peýda görmekde aýyplaýandyr.Waşington şeýle bir ýagdaýda Eýran ilatynyň asuda ýaşamaklarynyň aladasyny eden bolýandyr welin,Amerikaň deňi taýy görilmedik sanksiýalary we Tramp döwletiniň sanksiýalar bilen berýän gysyşlary,diňe Eýranlylaryň ýaşaýyş ýagdaýlaryny agraltmak üçindir we Trampyň döwleti,Eýranda garypçylyk berip amansazlyk döretmegine umytly bolýandyr.