Eýranyň,Amerikanyň sanksiýalarynyň öňünde etýän işleri
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8055-eýranyň_amerikanyň_sanksiýalarynyň_öňünde_etýän_işleri
Amerika ýadro ylalaşykdan çygmagyndan soň,Eýran yslam respublikasyna aňyr baş agram bermek syýasaty ileri sürýär.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 01, 2020 11:54 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň,Amerikanyň sanksiýalarynyň öňünde etýän işleri

Amerika ýadro ylalaşykdan çygmagyndan soň,Eýran yslam respublikasyna aňyr baş agram bermek syýasaty ileri sürýär.

Şu ugurda Amerikanyň resmileri,howpsuzlyk şuraň 2231-njy karar hatynda getirlen Eýrana garşy ýarag sanksiýalarynyň wagtynyň näbelli zamana çenli uzaklaşdyrylmagyny isleýän karar hatyň taslama ýazgysyny BMG-nyň howpsuzlyk şurasyna berendirler.Eýrana ýarag satylmagynyň gadaganlygy howpsuzlyk şuraň 2231-njy karar hatynyň maddalary boýunça 2020-njy ýylyň oktýabr aýynyň 18-inde gutarýandyr.şonuň üçin,Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň dowam edilmegi ugurynda her bir işiň edilmegi howpsuzlyk şuraň karar hatynyň tersine bolýandyr we onuň yzy gelimleri boljakdyr.şeýle halda Amerika bilen Ýewropa ýurtlary onuň yzy gelimlerini kabul edip şu ýerlikde jogap bermelidirler.Eýranyň DIM-ynyň metbugat wekili Seýet Abbas Musawi,habarçylayň arasynda beren gürrüňlerinde şu ýerlikde duýduryş berip,yslam jomhurlygy öz goranyş başarjaňlyklary barada ýüze galmaýar diýip nygtady.Eýran yslam jomhurlygy ,bu günki gün ýaragly güýçleriniň gerekli bolýan bütin harby enjamlaryny ýurduň içinde öndürýänligi we daşary ýurtlara bakna bolmaýanlygy üçin buýsanýar.Eýranyň raketa üstünlikleri we dürli Balestik raketalary öndürmekde öz aýagynyň üstünde durmagy goranyş potensiallarynyň diňe bir görnüşidir.harby we goranyş hyzmatdaşlyklar we ýarag satynalmak barada Eýran beýleki ýurtlaryň rugsat bermeklerine garaşyp oturmaýar. Eýranyň DIM-ynyň metbugat wekili Seýet Abbas Musawiň aýdan gürrüňleriniň şu ýerlikde aýdyň sargydy bolýandyr. Ýarag sanksiýalaryň dowam ediläýmegine Tähranyň berjek gaýtawuly barada beren gürrüňlerinde Eýran yslam jomhurlygy,ýörite işleri etýär we ýagdaýa görä tutum tutýar.Emma Tähranyň ynamyna görä,şol tapgyrlara ýetmez ýaly garşydaky taraplar akyl paýhasly bolmalydyrlar diýdi.şu hakda Eýranyň DIM-y Muhammet Jawad Zarif hem şu gün 2231-njy karar hatyň ýerine ýetirilmegi barada BMG-nyň howpsuzlyk şurasynyň oturylyşygynda gürrüň berjekdir.Amerikaň tarapyndan ileri sürlen karar  hat taslamaň makullanmagy üçin howpsuzlyk şuraň 15 agzasynyň 9-synyň oňyn ses bermekleri gereklidir we elbetde eger müdimi agzalaryň hiç birisi ony weto etmeseler,emma howpsuzlyk şuraň müdimi 5 agzasynyň arasyndan diňe Amerikadan aýry Orsýet,Hytaý,Angliýa we Fransiýa,Amerikaň ileri süren taslama ýazgysyna garşydyklaryny yglan edendirler.