Eýran Yslam Respublikasynyň we Orsýetiň hyzmatdaşlygy
Eýran Yslam Respublikasynyň we Orsýetiň prezidentleri ýadro ýlalaşygyna hormat goýulmagyny we onuň kämil ýoredilmegini isläp,Amerikanyň bir taraplaýyn hereketleri bilen garşylaşmagyň zerurlygyny we Moskwa-Tähranyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtadylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde ýadro ýlalaşygyň kämil ýöredilmeginiň ahmiýetine yşarat edip Amerikanyň bir taraplaýyn etýän hereketleri şeýlede Amerikaň Eýrana garşy bolan ýarag sanksiýasyny uzaklaşdyrmak üçin etýän tagallalary bilen garşylaşmagyň zerurlygyny nygtady.Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem bu söhbetdeşlikde Orsýetiň geçen 5 ýyllkda hemaýat edişi ýaly ýadro ýlalaşygyna hemaýat berjekdir we şonuň goralyp saklanmagyny we durmuşa geçirilmegini aýak direjekdir diýidi.Eýran we Orseýet 2 goňşi ýurt adynda özara gatnaşyklaryny strategik gatnaşyklar derejesine ýetirmegi maksat edinýärler.çünki bu iki ýurt halkara meýdanda bir taraplaýyn we özbaşyna gidip hereket etmek we bikanun işleri etmek bilen garşydyrlar.Eýran we Orsýet halkara hukukda tanalan kada kararlar we usullar esasynda näçe taraplaýyn bolan ýuzlenmeleri we hyzmatdaşlyklary garşy alýandyrlar.Eýran we 5+1 toparyň arasynda gazanylan ýadro ýlalaşygy näçe taraplaýyn bolan ýüzlenmäň we hyzmatdaşlygyň netijesidir.şol ýlalaşygyň hasyl bolmagynda Orsýet we Hytaý halkara hukuk esasynda öňin hyzmatdaşlygy edendirler. Eýran Yslam Respublikasy we Orsýetiň bileleşikli ýüzlenmeleri bardyr,şonuň üçin olar sebitleýyn we halkara dartgynlyklary çözmek üçin gowy hyzmatdaşlyklardan paýlydyrlar.Örsýet Eýranyň ýadro dusiýasynda hem öňin roly oýnandyr.Eýran we Orsýet Siriýaň dartgynlygyny çözmeklikde täsirli hyzmatdaşlylary edendirler.Orsýet Amerikaň bir taraplaýyn hereketleri bilen şeýlede onuň Eýrana garşy sanksiýalary bilen garşy bolandyr.bu işler Eýran we Orsýetiň bileleşikli düşünjeleriniň we ýüzlenmeleriniň bardygyny görkezýändir.şu çarçuwada Eýran Yslam Respublikasynyň DIM-i Muhammet Jawad Zarif ençeme gaýtar Moskwa sapar edendir we Orsýetiň DIM-i bilen sebit we halkara wakalar hakda we iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hakda gürrüň edendirler.