Amerika Eýran-Hytaý toplumlaýyn hyzmatdaşlyk maksatnamasy bilen ýüzbe-ýüz bolup bilmeýär
(last modified Mon, 27 Jul 2020 15:26:02 GMT )
Jul 27, 2020 20:26 Asia/Ashgabat
  • Amerika Eýran-Hytaý toplumlaýyn hyzmatdaşlyk maksatnamasy bilen ýüzbe-ýüz bolup bilmeýär

Germaniýanyň gazetiniň habaryna görä "Eýran-Hytaý hyzmatdaşlygy" maksatnamasy Amerikanyň ukypsyzlygyny we ejizligini aýan edendir diýip ýazdy.

Germaniýanyň “Handelsblatt” gazetiniň habaryna görä,ABŞ-nyň Eýran we Hytaý ýaly ýurtlara garşy sanksiýalar syýasaty Ak tamyň ýeke galmagyna sebäp bolandyr diýip ýazdy.

Halkara gatnaşyklar boýunça ekspertler Eýran-Hytaý strategiki gatnaşyklarynyň giňelmegini ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň syýasaty bilen baglanşykda bilýandyrlar.

synçylaryň köpüsi, hatda Günbatar ýurtlarynda, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Trumpyň Eýrana we Hytaýa garşy alyp barýan duşmançylykly syýasatlaryny iki ýurduň bilelikde işlemegi dowam etdirmeginiň esasy sebäplerinden biri hasaplaýarlar.

Eýran bilen Hytaýyň arasynda 25 ýyllyk hyzmatdaşlygyň giňişleýin meýilnamasy öňden bäri üns merkezindir.