Eýranyň Owganystana eksport edýä elektrikiniň kesilmegi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8353-eýranyň_owganystana_eksport_edýä_elektrikiniň_kesilmegi
Eýranyň Owganystana elektrik eksporty Owganystanyň Hyrat welaýatynda elektrik geçirijilerine minomýot hüjüminden soň kesildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 03, 2020 13:46 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Owganystana eksport edýä elektrikiniň kesilmegi

Eýranyň Owganystana elektrik eksporty Owganystanyň Hyrat welaýatynda elektrik geçirijilerine minomýot hüjüminden soň kesildi.

Radio we telewideniýe habarlar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni Hyrat welaýatynda döwlet eýeçiligindäki elektrik paýlaýyş kompaniýasy Eýranyň elektrik geçiriji liniýalary, Hyrat welaýatynyň Kahsan şäherinde top okuň degmegi sebäpli kesildi diýip yglan etdi.

Owganystanyň elektrik energiýasynyň 75 göterimi Eýrandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan getirilýär.

Umuman alanyňda, Owganystanda ilatyň takmynan 60 göterimi elektrik togundan peýdalanmaýar.