Braýan Hokyň işden gyraga gitmegi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8420-braýan_hokyň_işden_gyraga_gitmegi
Trampyň döwleti ,taryh boýunda aňyrbaş agram bermek syýasatynyň çarçuwynda Eýran Yslam Respublikasyny iň güýçli sanksiýalara salandyr.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 09, 2020 05:36 Asia/Ashgabat
  • Braýan Hokyň işden gyraga gitmegi

Trampyň döwleti ,taryh boýunda aňyrbaş agram bermek syýasatynyň çarçuwynda Eýran Yslam Respublikasyny iň güýçli sanksiýalara salandyr.

Şeýle halda bu syýasatyň netijesiz bolmagynyň nyşanalary gün be gün köpräk belli bolýar.şu ugurda Trampyň döwletinde Eýran işler boýunça ýörite wekili Braýan Hok öz ornundan gyraga gitdi.Amerikaň DIM-i Maýk Pompeo twetter sahypasynda bir sargydy berip,Amerikaň daşary işler ministrliginde Eýrana garşy işleriň jogapkäri edilen Braýan Hokyň öz ornundan gyraga gidenligi baradaky habarlary tasyklady. Maýk Pompeo özüniň resmi twetter sahypasynda,Amerikaň döwletiniň Eýran işler boýunça ýörite wekili Braýan Hokyň hususy bölüme geçýändigine üns berilmegi bilen men onuň azyndan 3 ýyl Trampyň döwletine eden gulluklaryndan gadyrdanlyk etýän.ol meniň müdirçilik toparymyň içinde bir agry agza bolandyr diýip ýazdy. Amerikaň DIM-i Maýk Pompeo,şeýle halda Amerikaň Wenzuelaň işler boýunça ýörite wekili Elýot Abramzy ,Hokyň ýerine yglan etdi.Braýan Hokyň birden öz işinden boşamagy,syýasy ekspertleri haýranlar galdyrandyr.elbetde Amerikaň prezidenti Donald Trampyň döwründe döwlet adamlaryň işden boşamaklary ýada boşadylmaklary bir ýönekeý meselä öwrlen bolsada emma Braýan Hokyň girage gidaýmagy barada hiç bir habaryň ýaýramaklygyna üns berilmegi bu mesele bir çende beýlekileri haýran galdyrandyr.onuň işden gyraga gitmeginiň sebäbi barada dürli gürrüňler aýdylýar. Amerikaň DIM-i Maýk Pompeo ,Braýan Hokyň işden boşamagynyň sebäbini hususy bölüme geçmegi yglan edendir.emma bu gürrüň Amerikaň umum pykyrleriny aldamak üçin aýdylan gürrüňdir.käbir ekspertler Trampyň Eýrana aňyrbaş agramla bermek syýasatynyň netijesiz bolmagyny Hokyň işden gyraga gitmeginiň sebäbi bilýändirler. Nazara gelşine gşrä: Hokyň resmi tärde işden boşadylmagyndan ozal onuň öz ornundan gyraga gitmegine isleg bildirendir.