Sep 11, 2020 16:30 Asia/Ashgabat
  • Lawrow: Şanhaý guramasy ýadro ylalaşygy goldaýar

Orsýetiň Daşary işler ministri ŞHG-a agza döwletleriň hemmetaraplaýyn ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny goldaýandygyny habar berdi.

"Nowosti" habar gullugynyň habaryna görä, Sergeý Lawrow penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Moskwada geçiren ýygnagynyň ahyrynda guramanyň agza döwletleriniň BMG Howpsuzlyk Geňeşinde  tassyklanyp we onuň ýerine ýetirilmeginiň hemmeler üçin hökmany bolan ýadro ylalaşyga boýundygyny aýtdy.

Lawrow, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň hemmesi ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň saklanmagyny isleýändirler diýip sözlerine goşdy.

2018-nji ýylyň 8-nji maýynda sişenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump halkara şertnamasy bolan ýadro ylalaşykdan birtaraplaýyn yza çekildi we Eýrana garşy ýadro sanksiýalarynyň yzyna gaýtaryljakdygyny habar berdi.

Trumpyň bu çäresi içerki we halkara derejesinde giňden ýazgaryldy.

Tags