Ýewropanyň Barjamyň çäginde Eýrana garşy sanksiýalary ýatyryp bilmezligi.
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8944-Ýewropanyň_barjamyň_çäginde_eýrana_garşy_sanksiýalary_ýatyryp_bilmezligi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, ýadro şertnamasyndan çekilenden soň we aç-açan Barjamy bozmagyndan soň, Eýran garaşylýandan has ýokary bir ýyl öz borçnamalaryny doly ýerine ýetirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 06, 2020 11:46 Asia/Ashgabat
  • Ýewropanyň Barjamyň çäginde Eýrana garşy sanksiýalary ýatyryp bilmezligi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, ýadro şertnamasyndan çekilenden soň we aç-açan Barjamy bozmagyndan soň, Eýran garaşylýandan has ýokary bir ýyl öz borçnamalaryny doly ýerine ýetirdi.

Bu döwürde Ýewropalylar ,Eýranyň  ýadro şertnamasynda(Barjamda) galmagyny berk talap etdiler we diňe Barjamyň  öňündäki borçlaryny ýerine ýetirjekdiklerini, we ABŞ-nyň Barjamdan çekilmegi bilen baglanyşykly ýitgileriň öwezini doljakdyklaryna söz berdiler; Emma Ýewropalylara degişli iş ýüzünde bolup geçen zat, borçnamalaryň ýerine ýetirilmezligi boldy. ABŞ Barjamdan çykandan soň ,strategiki sabyr bilen Eýran Barjamda galan Ýewrolylara  garaşsyzlyk ýörelgesine esaslanýan borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Ýewropanyň üç döwleti Barjam şertnamasyna laýyklykda 11 borçnamany ýerine ýetirmegi wada berdi, ýöne hatda Instex atly Ýewropanyň ýörite maliýe mehanizmi Eýranyň Barjam döwründe kanuny hukuklaryna kabul ederlikli jogap berip bilmedi.

Bu döwürde Ýewropa Bileleşigi Barjamyň çäginde Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmejekdigini görkezdi.

Ýewropalylaryň Barjaminiň borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmeýändiklerine garamazdan, Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýku Moss Barjaminiň Eýran tarapyndan bozulandygyny öňe sürdi. Bu talap, BMG Baş Assambleýasynda ýakynda ýazga alnan çykyşynda Barjamyň tertip-düzgünini saklamagyň zerurdygyny tassyklap, Ýewropanyň ABŞ sanksiýalary sebäpli Eýran bilen ykdysady gatnaşyklary berkitmek baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmejekdigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni metbugat ýygnagynda "Eýranyň ,Barjam tarapyndaky üç Ýewropa ýurduna (Germaniýa, Angliýa we Fransiýa)-a  beren maslahaty birneme seresap bolmalydyklary we taryh ,Barjamyň haýsy tarapynyň şowsuzlyga uçrandygyny we Haýsy tarap öz borçlaryny ýerine ýetireni kesgitlär diýdi.

Daşary syýasat analitigi Seýid Jelal Sadatian: "Ýewropa we ABŞ, Barjamyň çäginde başarnyksyzlygy we zor etmegi üçin borçlaryny ýerine ýetirmediler emma Eýran borçlaryny kämil ýerine ýetirdi  diýdi. "

Ýewropa ,ABŞ-yň Barjamy bozup, howply bidüzgünçilik edendigini we Barjamyň beýleki agzalaryny halkara borçlaryny ýerine ýetirmezlige çagyrýardygyny bilýär. Indi sorag näme üçin ýewropalylaryň ABŞ-nyň gorkuzmagyna we birtaraplaýynlygyna boýun egmeli? Eýranyň ýerine Barjamy bozýan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna Barjama gaýdyp gelmek we borçlaryny ýerine ýetirmek üçin näme üçin Ýewropa basyş etmeýär.

Trumpyň birtaraplaýyn syýasatynyň dowamyny göz öňünde tutsa; Ewropanyň öňünde 2 ýol bolar:

Birinji ýol, köptaraplaýyn şertnamanyň çäginde borçnamalaryň ýerine ýetirilişine we pragmatizmine boýun bolmak we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararynyň ýerine ýetirilmegini dowam etdirmekdir.

Ikinji ýol; Nädogry ýoldan girmek, bu ýagdaýda Ýewropa passiw we Borjamdan uzak bolar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň aýdanlary bu meselede aç-açan-dyr, sütemçä boýun bolmak howply we durnuklylyga, parahatçylyga we dünýä howpsuzlyga howp salýar.