Palestina ,agzybirligiň we içerki ýakynlaşmaň ýolunda
Käbir arap ýurtlary bilen Ysraýyl regimeiminiň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşandan soň, palestinaly toparlar agzybirlige we ýakynlaşmaga tarap ädim ätdiler.
Arap ýurtlary soňky ýyllarda Ysraýyl regimeimi bilen giň gizlin gatnaşykda boldular we gatnaşyklaryny aýan etmedik ýurtlarda henizem bu gizlin gatnaşyklar bar. Sionist regimeimiň BAE bilen gizlin gatnaşyklary iki onýyllyk ýa-da ondanam gowrak wagt bäri dowam edip gelýär we sebitdäki wakalary göz öňünde tutup soňky ýyllarda köpçülige mälim boldandyr.
Şeýle-de bolsa, soňky döwürde ýaýradylan maglumatlar we başgaça aýdylanda gatnaşyklaryň "ýalaňaçlygy" we 15-nji sentýabrda Ak tamda gol çekilen ylalaşyk şertnamasy palestinalylary geň galdyrdy. Bu zarbanyň sebäbi beýle çärä garaşmaýandyklary däl-de, şeýle netijä gelmeginiň sebäbi bolsa Palestina geografiýasyny we territoriýasyny goramak arap ýurtlary üçin möhüm däldygydyr.
Aslynda, palestinalylar halkara ulgamynda iň möhüm goranyş faktorynyň "öz-özüne kömek" bolup galýandygyna, her bir ýurduň öz bähbidini we howpsuzlygyny goramaga çalyşmalydygyny, beýleki ýurtlaryň, esasanam käbir ýurtlaryň bil baglap bolmajakdygyna düşündiler. BAE, Bahreýn we şuňa meňzeşler, özleri daşary ýurt güýçlerine, esasanam ABŞ-a baglydyr.
Arap dünýäsinde özüni alyp barşyň nusgasyna bu hakyky düşünmegiň netijesi, dürli palestinaly toparlaryň milli ylalaşyga gelmekleri, gapma-garşylykly syýasy şahsyýetden gaça durmaklary we milli özboluşlylygy bellemek ugrundaky tagallalaryny çaltlaşdyrmagy boldy.
Ilki bilen, 14 sany palestinaly toparyň ýolbaşçylary we baş sekretarlary, ýigrimi ýyldan gowrak wagt geçensoň, Liwanyň paýtagty Beýrutda ilkinji milli ýygnagyny geçirdiler, asyr şertnamasynyň üç dildüwşügine işjeň garşy bolmgy, goşulmagy we kadalaşmagyny nygtadylar.
Ikinji ädimde Hamas we Fatah hereketleriniň ýolbaşçylary hem sentýabr aýynyň ahyrynda Türkiýede duşuşyp, gepleşik geçirdiler.
Fatah bilen Hamasyň arasyndaky duşuşyklar, Günbatar Şeriýada we Gaza zolagynda tutýan ornlary sebäpli möhümdir. Türk sammitiniň ahyrynda iki hereket, ähli palestina akymlarynyň we toparlarynyň gatnaşmagynda milli gepleşikleri ösdürmek meselesinde ylalaşyga gelendiklerini habar berdiler. Şeýle hem Fatah we Hamas, türk ýygnaklarynyň arasynda bölünişikleri we içerki dawa-jenjelleri ýok etmek, saýlaw geçirmek we öňdäki kynçylyklary çözmek üçin milli meýilnamalary düzmek meselesine gönükdirilendigini aýtdy.
Fatah bilen Hamasyň arasyndaky bu şertnama strategiki ähmiýete eýedir, sebäbi Palestindäki iki sany resmi däl döwletiň bolmagyny bes edýär we beýleki tarapdan Gaza zolagynyň ilatynyň kynçylyklaryny ýeňilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde Palestindäki syýasy dartgynlyk gutarýar we sebitdäki Palestina garşy hereketlere we meýilnamalara netijeli garşy durmak mümkinçiligi barha artýar.
Üçünji ädimde, palestinaly toparlar Russiýanyň paýtagty Moskwada milli ýygnak geçirmegi meýilleşdirýärler.
Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) uly agzasy Musa Abu Marzuk ýekşenbe güni (11-nji oktýabr) twit ýazdy: "Russiýanyň prezidentiniň ýakyn Gündogar boýunça wekili Mihail Bogdanow, Moskwanyň Palestina liderleriniň ýygnagyny geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Iň soňky nokat; Asyryň şertnamasy ,birikdirilmeler we kadalaşdyrylmaklar ,Palestina abanýan 3 howp bolsa-da, bu howplar Palestinaniň içindäki güýç gatnaşyklaryny üýtgedip täze milli şahsyýetiň emele gelmegine sebäp bolandyr.