Pompeo Saud Arabystanynyň režimine ýarag satmak üçin Eýrana garşy esassyzaýyplamalaryny gaýtalady
ABŞ-nyň milliardlarça dollar ýaraglarynyň Saud Arabystanyna satylmagyny düşündiriş bermek üçin ABŞ-nyň Döwlet sekretary Eýrana garşy ozalky aýyplamalaryny gaýtalady.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo çarşenbe güni Waşingtonda Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen duşuşyp, ABŞ-nyň Saud Arabystanyna ýarag satmagyny goldaýandygyny aýdyp, Eýranyň sebit we Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna howp salýandygyny we Ýemendäki Hutileri goldaýandygyny aýtdy.
Pompeo Saud Arabystanyň nebit desgalaryna atylan ballistik raketalaryň Eýrandan gelendigini we Ýemen Hutileriň uçarmansyz uçarlarynda ulanylýan tehnologiýalaryň Tähranda dörändigini toslady.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary BAE bilen Bahreýniň Sionist režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky şertnama hem yşarat edip Saud Arabystanynyň hem bu şertnama goşulmagyna umyt bildirdi.
Pompeo çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Eýrana "iň ýokary basyş" syýasatynyň bu ýurdy maliýe ygtyýaryny kesendigini toslady.