Lawrowyň, Nagorno-Garabagda , ekstremistleriň bardygyna duýduryş bermegi
Orsýetiň resmileri, bu ýurtda , Kawkazda we Merkezi Aziýada ekstremist terroristleriň bolmagy olara howp abandyrýandygy barada birnäçe gezek duýduryş berip ,hemişe olara çynlakaý göreşmegiň zerurdygyny aýdypdylar.
Indi Nagorno-Garabag söweşinde bu terroristleriň bolmagy we onuň agyr netijeleri bu meselede Moskwany ýene-de alada goýdy. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ,Russiýanyň Türkiýe ýaly daşary ýurt aktýorlaryndan ,Günbatar Aziýada ýerleşýän hakyna tutma güýçleriň Nagorno-Garabag sebitine äkelip ýerleşdirmeginiň öňüni almak üçin öz güýçlerinden peýdalanmagyny haýyş edendigini aýdyp,konflikt zonasynda (Nagorno-Garabagda) 2000 töweregi hakyna tutma terroristleriň bardygyny mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, bu mesele 27-nji oktýabrda ,Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ,Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri bilen yzygiderli gepleşiklerinde şeýlede, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen söhbetdeşliginde gozgaldy.
Lawrow, Nagorno-Garabagda ekstremist terroristleriň barha artýandygyny, Türkiýäniň, Nagorno-Garabaga ekstremist terroristleri ibermek, onuň ,Liwiýa krizisleri ýaly sebit krizislerine aktiw we netijeli gatyşmak boýunça sebitleýin syýasatyna laýyklykda we baglanyşyklydygyny aýtdy. Terrorçylaryň soňky harby wakalarda bolmagy, Türkiýäniň göni harby kömegi bilen Nagorno-Garabag söweşindäki hereketleri Azerbaýjan Respublikasynyň ýeňişlerine we basyp alynan ýerleriniň käbiriniň azat edilmegine täsirli bolupdurandyr. Bu etap henizem dowam edýär we häzirki söweşde Bakuwyň çynlakaý goldawçysy bolan Ankara, Russiýa we Eýran ýaly Azerbaýjan respublikasynyň goňşularyna çynlakaý howp abandyryp biljek bu çäräni soňlamak niýeti ýokdyr. Şeýlelik bilen, sebitdäki häzirki söweş däl-de, Garabagda ekstremist elementleriň bolmagy baradaky aladalar, olaryň Azerbaýjan Respublikasynda, esasanam Eýranyň golaýyndaky serhetýaka sebitlerinde bolmagy we Günorta Kawkazda ondan soň hem Russiýasa bolmagynyň ähtimallygy bilen baglanyşyklydyr.
Russiýanyň daşary aňtaw gullugynyň başlygy Sergeý Narişkin: "Nagorno-Garabag sebiti halkara terrorçylyk guramalarynyň sebite, şol sanda Russiýa girmeginiň derwezesi bolup biler" -diýdi.
Ekstremist terroristler tarapyndan abanýan çynlakaý howpy sebäpli Russiýa diňe bir içerde we töwereginde söweşmedi, esasanam 2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Siriýada harby bolmagynyň esasy maksatlarynyň biri terrorçylaryň ýok edilmegi boldy .Rus syýasy bilermen Gennadiý Odiýewiň pikiriçe: Eýran, Kawkazda, Hazar deňzinde we beýleki töwereklerde ,beýlekileriň aralaşmagynyň öňüni almak üçin ähli tagallalary edýän jogapkär aktýordyr.