Sebit resmileriniň ,Tährana, Bakuwa we Moskwa täsirli saparlary
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9514-sebit_resmileriniň_tährana_bakuwa_we_moskwa_täsirli_saparlary
Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwaziýanyň Russiýa eden saparyndan soň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gullugy, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan şu gün 9-njy dekabrda Azerbaýjan Respublikasynyň işgärleri bilen duşuşmak üçin Bakuwa sapar eder diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Dec 09, 2020 21:48 Asia/Ashgabat
  • Sebit resmileriniň ,Tährana, Bakuwa we Moskwa täsirli saparlary

Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwaziýanyň Russiýa eden saparyndan soň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gullugy, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan şu gün 9-njy dekabrda Azerbaýjan Respublikasynyň işgärleri bilen duşuşmak üçin Bakuwa sapar eder diýip yglan etdi.

 

Türkiýäniň prezidentiniň Bakuwa sapary bilen zamandaş Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem Tährana sapar etdi.

Ekspertler, Ermenistan, Türkiýe we Azerbaýjan respublikasynyň resmileriniň , Moskwa, Bakuwa we Tährana eden saparlaryny möhüm we täsirli hasaplaýarlar. Hususan-da, bu saparlaryň netijesi Nagorno-Garabagyň parahatçylyk şertnamasynyň işine dürli tarapdan täsir edip biler.

Ermenistanyň Daşary işler ministriniň ,Russiýa eden saparynyň ahyrynda ,Russiýanyň Daşary işler ministri Moskwada geçirilen metbugat ýygnagynda ,Günorta Kawkazyň goňşy ýurtlarynyň roluna ünsi çekip,Eýran, Russiýa we Türkiýe bu sebitdäki ýurtlaryň ýakyn goňşulary we elbetde bu sebitdäki ýagdaýa biperwaý garamaýarlar diýdi.

Ara Aýwaziýanyň Moskwa eden sapary bilen bir wagtyň özünde Ermenistanyň prezidenti "Armen Sargesyýan" ,Russiýanyň prezidentine ýazan hatynda: Ermenistan we Azerbaýjan respublikasynyň   arasyndaky serhet liniýalary kesgitlenmese we iki ýurduň arasyndaky serhet kesgitlemek meselesi gutarmasa, Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky konfliktiň täzeden başlamagy mümkindir diýdi.

Ermeni protestçiler ýaly Ermenistanyň prezidenti "Armen Sargesyýan" hem Ermenistanyň premýer-ministri"Nikol Paşinýanyň" işinden aýrylmagyny talap edip  onuň pozisiýasyny gowşatmaga we premýer-ministr hökmünde Paşinýanyň ýerine has laýyk resmini saýlamaga synanyşýandygyna şek ýokdyr.

Muňa garamazdan we ermeni halkynyň nägileligine garamazdan, Paşinýanyň Ermenistanyň premýer-ministri wezipesinden aýrylmagy ähtimali azdyr.

 Hususan-da, Paşinýan Ermenistanda on maddalyk Nagorno-Karabak parahatçylyk şertnamasynyň esasy ýerine ýetirijisi hasaplanmalydyr. Ermenistanyň ýaş we tejribesiz premýer-ministri Nagorno-Garabagyň abraýy ugrundaky söweşde Azerbaýjan Respublikasyndan ýeňilendir. Şeýle şertlerde Ermenistanda Nikol Paşinýandan başga syýasatçynyň bu möhüm resminamany durmuşa geçirmäge taýyn bolmagy ähtimali kemdir. Şol sebäpli we häzirki ýagdaýda Russiýanyň pozisiýasy bilen baglanyşykly kynçylyklara garamazdan, Paşinýan Moskwanyň ýolbaşçylarynyň goldawyndan peýdalanýandyr. Bu meselebarada,

Russiýanyň tanymal uniwersitetiniň professory we analitigi Oleg Guznetsow ,Azerbaýjan Respublikasynyň Vesti rus dilindäki web sahypasyna beren interwýusynda:"Ermenistandaky oppozisiýanyň Paşinýany agdaryp bilmejekdigine ynanýaryn diýip aýtdy. Paşinýan häzirki wagtda Ermenistanda ýurduň ähli çeşmelerine elýeterli we buýruk berip bilýän ýeke-täk adamdyr. Mundan başga-da, Paşinýanyň hökümetiniň alyp barýan syýasatlary ,Russiýa we ABŞ üçin  Ynandyryjydyr. Şol sebäpli ol häkimiýetde galar diýip Russiýanyň tanymal analitigi ýazdy.

 

Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Daşary işler ministri wezipesine girişeninden soň Eýrana ilkinji saparyny etdi.

Bu saparyň ähmiýeti hiç kimden gizlenmeýär we Eýranyň, Azerbaýjan we Ermenistan Respublikasynyň goňşusy hökmünde goňşularynyň daşary syýasatynda möhüm rol oýnaýandygyny görkezýär.

Şol bir wagtyň özünde, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Bakuwdaky sapary möhüm ähmiýete eýedir. Rejep Taýyp Erdogan we azerbaýjaly kärdeşi Ylham Alyýew penşenbe güni (10-njy dekabrda) Azarbaýjanyň ýaragly Güýçleriniň ýurduň Nagorno-Garabag konfliktinde ýeňiş gazanmagyny bellemek üçin parada gatnaşar. Ermenistan bilen bolan söweşde Azerbaýjan Respublikasynyň ýeňşiniň şatlygyna

 garamazdan, Garabag parahatçylyk şertnamasynyň on maddasyndaky düşnüksizlikleriň Azerbaýjan Respublikasynyň syýasy toparlarynda we bu musulman ýurduň halkynda aladalary döredendigini ýatdan çykarmaly däldir. Aslynda, türkiýe häkimiýetleriniň Nagorno-Garabag söweşinde gazanylan üstünliklerden kanagatlanýandygyna we begenýändigine garamazdan, Azerbaýjan Respublikasynyň halkynyň bu sebitiň geljegi barada henizem aladalanýandygyny aýtmak gerek. Esasanam Azerbaýjan Respublikasynyň Ermenistan bilen söweşdäki esasy maksady - Nagorno-Garabagy azat etmek diňe gazanylman, eýsem sebitiň azat edilmegi geljekde has kyn we çylşyrymly bolup görünýändir.