Kabul: Eýran bilen hyzmatdaşlyk Owganystanyň parahatçylyk etabynyň bir bölegidir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9675-kabul_eýran_bilen_hyzmatdaşlyk_owganystanyň_parahatçylyk_etabynyň_bir_bölegidir
Owganystanyň Daşary işler ministrligi öz beýanatynda Eýran bilen hyzmatdaşlygyň Kabulyň ýurduň parahatçylyk etaby boýunça sebitleýin ylalaşygy döretmek we güýçlendirmek ugrundaky tagallalarynyň bir bölegidigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 29, 2020 16:46 Asia/Ashgabat
  • Kabul: Eýran bilen hyzmatdaşlyk Owganystanyň parahatçylyk etabynyň bir bölegidir

Owganystanyň Daşary işler ministrligi öz beýanatynda Eýran bilen hyzmatdaşlygyň Kabulyň ýurduň parahatçylyk etaby boýunça sebitleýin ylalaşygy döretmek we güýçlendirmek ugrundaky tagallalarynyň bir bölegidigini aýtdy.

Owganystanyň Daşary işler ministrligi bu ýurtda ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk baradaky käbir habarlara jogap edip Owganystanyň daşary syýasaty parahatçylyga we howpsuzlyga, ykdysady hyzmatdaşlyga we ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ýakynlyga esaslanýar, şonuň üçin bir ýurt bilen hyzmatdaşlyk hiç hili hyzmatdaşlygy ýa-da beýleki ýurtlar bilen gapma-garşylygy aňlatmaýar diýip yglan etdi.