Amerikanyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň dowamy
Ak tamyň Eýrana garşy alyp barýan syýasatlarynyň we hereketleriniň dowamynda ABŞ-nyň Gazna ministrligi bir adama we Eýran bilen baglanyşykly birnäçe kompaniýa garşy täze sanksiýalary yglan etdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni ABŞ-nyň Gazna ministrligi bir adamyň we Eýranda, Germaniýada we Angliýada ýerleşýän 16 kompaniýanyň adyny sanksiýalar sanawyna goşdy.
ABŞ-nyň Gazna ministrligi öz beýanynda polat önümçiliginde esasy önüm bolan grafit elektrodlary bilen üpjün edýän hytaý kompaniýasynyň we polat we beýleki metal önümlerini öndürýän 12 Eýran kompaniýasynyň, üç sany daşary ýurt satuw agenti bilen bilelikde işleýän esasy kompaniýany sanksiýalar sanawyna goşandygyny yglan etdi.
ABŞ-nyň Gazna ministrligi 2020-nji ýylyň 28-nji iýunynda hem Eýranda, BAE-de, Gonkongda we Germaniýada ýerleşýän sekiz kompaniýany sanksiýalar sanawyna goşdy.
ABŞ hökümeti ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan(2018-nji ýylyň 8-nji maýy) birtaraplaýyn yza çekilmegi bilen iň ýokary basyş syýasaty alyp barmak bilen Eýrany gepleşik stoluna gelmäge we ABŞ-nyň şertleri boýunça täze şertnama kabul etmäge mejbur eder diýip pikir etdi.
ýöne Takmynan iki ýarym ýyldan soň ABŞ Eýrana garşy hiç bir maksadyna ýetmedi.