Feb 07, 2021 14:53 Asia/Ashgabat

راهی بسوی نور(875)Gafer süresi, 29-njy aýat

:يَا قَوْمِ لَكُمُ الْمُلْكُ الْيَوْمَ ظَاهِرِينَ فِي الْأَرْضِ فَمَن يَنصُرُنَا مِن بَأْسِ اللَّهِ إِنْ جَاءنَا قَالَ فِرْعَوْنُ مَا أُرِيكُمْ إِلَّا مَا أَرَى وَمَا أَهْدِيكُمْ إِلَّا سَبِيلَ الرَّشَادِ (29)

<< eý meniň kowumym ! bu gün mülk we hökmürowanlyk siziň üçindir, onda bu gün bu ülkede siz üstemsiňiz. ( Fyrownyň kowumy aýtdy ): allanyň azaby depämizden inse kim bizi goldar diýip ( şonda ) fyrown: men özümiň ( sala ) bilýän zadymdan aýry zady size maslahat bermeýärin we sizi dogry ýoldan aýry zada çagyrmaýaryn diýip aýtdy. >>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Fyrownyň köşgünde bolýan bir mömin adam delil getirip hezreti musaň öldürilmegi bilen tersleşdi, ol sözleriniň dowamynda fyrowna we onuň köşk adamlaryna ýüzlenip: siz bu gün bu Müsür ýurdunda häkimsiňiz hökmürowanlyk siz bilendir we hemme zat gözüňiziň astyndadyr. oňa görä musa siziň tersiňize edip biljek işi bolmaz ýöne egerde ony öldüraýsaňyz we onuň beren wadasy rast bolsa allanyň gahary başyňyza inip hökmetiňizi elden berersiňiz, onda öz etjek işiňiziň soňuna gawy oýlanyň diýip aýtdy .Belli bolşundan bu mömin adamyň bu sözleri fyrownyň köşk adamlaryny ýumşatdy we olar bu sözleri eşidip gulaklaryny salladylar. bu ýagdaýdan fyrown howatyrlanyp hezreti musaň öldürilmegine aýak diremek bilen “dogrymy aýtsam musa hökman öldürilmeli” diýip nygtady.Elbetde taryh boýunda ýagdaý hemişede şeýle bolandyr, we zalymlar we eziji häkimler diňe öz pikirleriniň we garaýşlarynyň üstünde aýak dirändirler .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- özümiziň häzirki ýagdaýmyza we güýç kuwwatymyza magtanmaly däldiris . sebäbi alla olaryň hemmesini biziň elimizden alyp bilýändir.2- telek işlerden alyp galmak maksady bilen günäkär adamlara duýduryş bermeklik mömin adamlaryň wezipesidir .3- duýduryşlara üns bermän özüňi bilgiç saýmaklyk fyrownyň we fyrown ýaly adamlaryň häsiýetlerindendir .Gafer süresi, 30 we 31-nji aýatlar

:وَقَالَ الَّذِي آمَنَ يَا قَوْمِ إِنِّي أَخَافُ عَلَيْكُم مِّثْلَيَوْمِ الْأَحْزَابِ (30) مِثْلَ دَأْبِ قَوْمِ نُوحٍ وَعَادٍ وَثَمُودَ وَالَّذِينَ مِن بَعْدِهِمْ وَمَا اللَّهُ يُرِيدُ ظُلْماً لِّلْعِبَادِ (31)

<< we şol iman getiren adam : eý kowumyň adamlary ! men , ol toparlaryň başyna gelen ( helekçilik güni ýaly ) güniň siziň başyňyza gelmeginden // Nuh , Ad we Semut kowumlarynyň we olardan soňky ynsanlaryň başyna gelen güniň gelmeginden gorkýaryn, we alla hiç bir bende sütem etmez” diýip aýtdy .>>

Fyrowun , hezreti musany öldürjek  bolup öz gepiniň üstünde aýak diremegine karamazdan onuň köşgündäki şol mömin ynsan hem hezreti musany halas etmek ugurda öz tagallalaryndan el çekmedi , ol fyrowny we onuň köşk adamlaryny pällerinden alyp galmak maksady bilen olara telek işleriniň soňy barada duýduryş bermek bilen : siz Nuh , Ad we Semut kowumlarynyň ykballaryndan habaryňyz barmy? Olar , uly- uly çomurluklaryň düýbini tutan bolsalarda allanyň emri bilen terisleşip kapyrçylykda galmaklary üçin allanyň gahar- gazabyna giriftar bolup ýok oldular diýip aýtdy .Ol , geçen kowumlaryň ykballaryna yşarat etmek bilen hem: siziň hem Müsürde şeýle bir ykbala uçramagyňyzdan gorkýaryn, elbetde şeýle bir şum ykbala uçramaklyk allanyň öz bendelerine sütem etmegi zerarly däldir eýsem alla hiç kime sütem edýän däldir we bu şum ykbal bendeleriň eden etmişleri üçin we allanyň iberen dinleri we pygamberleri bilen terisleşmekleri üçin olaryň başyna inýändir diýip aýtdy .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- geçen ynsanlaryň we kowumlaryň ykballary barada oýlanmaklyk, ynsana bir ýol görkeziji zatdyr we gurhan hem ony nygtaýandyr .2- her bir ynsan telek gylyk häsiýetlere endik etse onuň şum ykbala uçramagy gaty mümkindir .3- ynsanyň başyna gelýän bela beterleriň bir topary onuň eden etmişleriniň netijesidir.Gafer süresi, 32 we 33-nji aýatlar

:وَيَا قَوْمِ إِنِّي أَخَافُ عَلَيْكُمْ يَوْمَ التَّنَادِ (32) يَوْمَ تُوَلُّونَ مُدْبِرِينَ مَا لَكُم مِّنَ اللَّهِ مِنْ عَاصِمٍ وَمَن يُضْلِلِ اللَّهُ فَمَا لَهُ مِنْ هَادٍ (33)

<< eý kowumyň adamlary ! men sizler barada adamlaryň bir birlerini çagyrjak gününde gorkýaryn .// ol günde her kim ýüz öwrüp gaçar, şonda siziň allanyň ( azabyndan ) gaçyp gutuljak ýeriňiz bolmaz we her kimi alla ( eden etmişi üçin ) gümra etst ony hedaýat etjek tapylmaz .>>

Fyrown köşgündäki şol mömin adam özüniň berýän duýduryşlarynyň dowamynda aýtdy : geçen kowumlar ýaly allanyň gahar gazabyna uçrasaňyz gaçalga ýeriňiz bolmaz, ol günde birek birekden haraý sorasaňyz kömek etjek hem bolmaz, sebäbi ol günde her kim öz başy bilen gaý bolar, aslynda ol günde bir adamlar allanyň gahryndan gutuljakldyrlar weli bu gün dogry ýolda hereket edýän bolsun, pygamberlere eýerip ýagşylyk ýoluny saýlan bolsun, indi her kim bu hedaýat ýolundan aýry her bir ýoldan hereket etse ol gümralyga üçrap onuň ykbaly heläkçilikden aýry zat boljak däldir .Gurhan kerim bu aýatlarynyň aýdyşyça her bir ynsanyň gümralygy allaň islegi bilen bolýandyr , emma aslynda ynsanyň gümralygy ozal başda şol adamyň saýlap seçen ýoluna dolanýandyr, alla tagala bu hili ynsanlary dogry ýola getirmek üçin dinleri we pygamberleri iberendir, ýone ol adam özüniň telek ýolunyň üstünde aýak diräp ony dowam eden ýagdaýynda alla hem ony öz erkine goýjakdyr şeýidipde ol adamy özüniň ylahy hedaýatynda mahrum etjekdir.Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- ynsanlaryň eden etmişleriniň netijesi barada duýduryş bermeklik salyhy mömin ynsanlaryň borjydyr.2- dogry ýola hidaýat bolmaklyk ýada gümralyga uçramaklyk allanyň elindedir. her çen onuň ilki sebäpkäri ynsanyň öz elinde bolsada .3- hedaýat bilen gümralygyň arasynda üçünji ýol bolmaz, her kim allanyň hedaýatyna eýerse gümralykdan daşlaşar we her kim gümralyga tarap gitse özüni allanyň hedaýatyndan mahrum eder, bu meselede üçünji ýol ýokdur./////////////