bölüm 1084, süre Gaşiýe, aýat 1-26
bölüm 1084, süre Gaşiýe, aýat 1-26
راهی بسوی نور (1084)
Gaşiýe süresi
26 aýatdan ybarat bolan gurhany kerimiň mübärek gaşiýe süresi Mekgede inendir we beýleki Mekgi sürelerde bolşy ýaly gaşýei süresinde hem köplenç ýagşy we ýamanlaryň kyýamatdaky ýagdaýlaryna yşarat bolýar şeýlede bu sürede ýaradylmyş äleminde bar bolan ajayyp gudratlar hakynda gürüň berlip allatagalanyň azamaty nygtalýar.
Gaşiýe süresi, 1, 2, 3, 4, 5, 6 we 7-nji aýatlar:
هَلْ أَتَاكَ حَدِيثُ الْغَاشِيَةِ (1) وُجُوهٌ يَوْمَئِذٍ خَاشِعَةٌ (2) عَامِلَةٌ نَّاصِبَةٌ (3) تَصْلَى نَاراً حَامِيَةً (4) تُسْقَى مِنْ عَيْنٍ آنِيَةٍ (5) لَّيْسَ لَهُمْ طَعَامٌ إِلَّا مِن ضَرِيعٍ (6) لَا يُسْمِنُ وَلَا يُغْنِي مِن جُوعٍ (7)
<<gaşiýe (gününiň) habary saňa ýetdimi? // Şol günde har we şerimsar kşipleri görersiň // olar (dünýäde yzgiderli )tagalla etselerde (haýyr gören däldirler) // olar ýanyp duran oda düşerler // olar gaýnap duran çeşmeleren içiriljekdirler // iýmitleri gury tikenden aýry zat däldir // ol iýmit ne semrider nede açlygyň öňni alar. >>
Bu sürede dowzahylatyň kyýamatdaky hal-ýagdaýlaryna yşarat edip olaryň duş boljak şertlerini beýan etmek bilen şeýle permaýyş edýär : dünýede hudaýyň garşysynda pahyrlanyp menlik ýüzünden onuň buýruklarynyň garşysynda boýun eňmäge taýýar bolmadyk kişiler indi zillete duçar bolup harlyk olaryň keşiplerinde peýda boljakdyr sebäbi azaby öz gözleri bilen görýändirler we ony inkär edip başarjak däldirler . olar dünýede bar bolan mümkinçiliklerden we gudratdan baýlyklardan her ne köp paýly bolmak üçin yzygiderli talaş edýändirler emma adam ömri gysga bolansaň olaryň gazanan zatlarynyň ahyretde hiç hili peýdasy boljak däldir olaryň dünýedäki işlerinden bolan maksatlary diňe nebs isleglerine we jysmy mätäçliklerini artykmaçlygy bilen üpjün etmekdi we olar ahyretde netijesini görer ýaly hiç bir zatdan däldirler olar dünýäçil bolansaňlar diňe puç zatlaryň talabynda bolup ahyretde hem dowzah oduna giriftar bolandyrlar . ol ot şu hili ynsanlary gurşap aljakdyr olaryň iýip içýän damaklary hem olara bir hili azap bolup ne garanlaryny doýurjakdyr nede suwsuzlyklaryny ýok diýip gandarjakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- kyýamatda iman we halys amal bilen hemra bolan işlere paý-padaş beriljekdir şeýle bolman ýagdaýynda onuň netijesi ýadawlykdan başga zat boljak däldir.
2- kyýamatda ynsanlar jysymlary bilen häzir boljakdyrlar . dowzahdakylar hem behiştdäkiler ýaly suwa we iýmite mätäç bolýandyrlar emma olaryň iýmit damaklary hezilli däldirde eýsem azap getirjidir.
Gaşiýe süresi, 8, 9, 10, 11, 12, 13, 14, 15 we16-njy aýatlar:
وُجُوهٌ يَوْمَئِذٍ نَّاعِمَةٌ (8) لِسَعْيِهَا رَاضِيَةٌ (9) فِي جَنَّةٍ عَالِيَةٍ (10) لَّا تَسْمَعُ فِيهَا لَاغِيَةً (11) فِيهَا عَيْنٌ جَارِيَةٌ (12) فِيهَا سُرُرٌ مَّرْفُوعَةٌ (13) وَأَكْوَابٌ مَّوْضُوعَةٌ (14) وَنَمَارِقُ مَصْفُوفَةٌ (15) وَزَرَابِيُّ مَبْثُوثَةٌ (16)
<< şol günde käler şatdyrlar // olar öz talaşlaryndan razydyrlar // olaryň orunlary arşy agladadyr // şol ýerde boş gürrüňleri eşitmezler // şol mekanda çeşmeler akyp durandyr // şol ýerde gymmatly tagtlar bardyr // (doldurlan) jamlar setirlenip goýlandyr // (dynç almak üçin) ýassyklar bardyr // (şeýlede) altyndan dokalan düşekler ýazylyp goýlandyr. >>
Bu aýatlary behiştdäkileriň hal-ýagdaýlaryny beýan edip jennetde bar bolan nygmatlara yşarat edýär . behiştileriň keşipleri nurana we şat bolup olar nygmatlaryň içinde asudalykda ýaşaýandyrlar . möminler dünýede hudaý üçin talaş edip ylahy buruklaryň çygrynda işländirler şol sebäpli hem bu günki gün iň oňat suratda öz zähmet talaşlarynyň netijesine şaýat bolup doly razylykdan paýlydyrlar . hakykatda olaryň zähmet talaşlary , ylahy lytfy keremiň saýasynda ösüp netijä ýetendir . we alla tagala uly paý-padaşy olar üçin göz öňüne alandyr emma onuň tersine dowzahylar dünýedäki işlerinden ýadawlyk we azapdan başga netijäni elgeren däldirler . ýagşy kişiler dünýede elmydama ilatyň arzularynda bar bolan behiştden paýly bolýandyrlar . olar behiştde hiç hili puç we bihuda gürrüňi eşiden däldirler. Dogrudan-da töwereklerinde ýalan töhmet gybat we teleke habarlardan nam-nyşan bolmadyk adamlar öz durmuşlaryndan hezil aljakdyrlar , sebäbi ynsanlaryň renj we azaplarynyň bir bölümi şol esassyz we batyl boş gürrüňlerden göz baş alýandyr . bu ýarmaz gepler ynsanlaryň ruhy sagdynlyklaryny bözüp köpçüliklerde pitne oduň döremegine sebäp bolýandyr.
Behiştde belende we gözel tagtlaryň aşagynda akyp barýan çeşmeler bardyr we behişt ähli hem şeýle bir gözel sahnalara şaýat bolup lezzet aljakdyrlar . behiştde belent orunda ýaşaýan ýagşy kişilerden hyzmatkärler gözel gap-gaçlar arkaly gullukda bolup tagamly iýmit damaklardan we içgiler bilen olardan gonakdarlyk etjekdirler .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapalary :
1- hakyky şatlyk möminlere degişlidir sebäbi olaryň işleri hudaýyň razylygyny yzyna tirkeýändir we şol mesele hem olaryň ýürekden hoşhal bolmaklaryna sebäp bolýandyr.
2- behiştde boş gürrüňlerden habar ýokdur hakyky möminler ýaramaz geplerden daş bolýandyrlar. Boş gürrüňler behişti ynsanlara laýyk gelýän däldir.
3- möminler behiştde keramatdan paýlydyrlar we iň oňat suratda olaryň hyzmatynda durulýandyr.
Gaşiýe süresi, 17, 18, 19, 20, 21, 22, 23, 24, 25 we 26-njy aýatlar:
أَفَلَا يَنظُرُونَ إِلَى الْإِبِلِ كَيْفَ خُلِقَتْ (17) وَإِلَى السَّمَاء كَيْفَ رُفِعَتْ (18) وَإِلَى الْجِبَالِ كَيْفَ نُصِبَتْ (19) وَإِلَى الْأَرْضِ كَيْفَ سُطِحَتْ (20) فَذَكِّرْ إِنَّمَا أَنتَ مُذَكِّرٌ (21) لَّسْتَ عَلَيْهِم بِمُصَيْطِرٍ (22) إِلَّا مَن تَوَلَّى وَكَفَرَ (23) فَيُعَذِّبُهُ اللَّهُ الْعَذَابَ الْأَكْبَرَ (24) إِنَّ إِلَيْنَا إِيَابَهُمْ (25) ثُمَّ إِنَّ عَلَيْنَا حِسَابَهُمْ (26)
<<Onda düýäniň nähili ýaradylandygyna ser etmäýärlermi ? // we asmanyň nähili dikeldilendigine? // we daglara nähili dikeldilendiginä? // We ýeriň nähili ýaradylandygyna? // ondan duýduryş ber, sen diňe duýduryş berijisiň // sen olara üssem dälsiň (tä olary iman getirmeklige mejbur eder ýaly) // meger şol ýüz öwrüp kapyrçylyk edýän kişi bolmasa // ony hem alla iň güýçli azaplar bilen jezalandyrjakdyr // şübhesiz olaryň dolanjak ýeri bize tarapdyr // onsoň olaryň hasap-kitaplary biz bilen boljakdyr. >>
Bu aýatlar alla tagalanyň ýer ýüzünde we asmandaky ýaradan zatlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : olar düýäniň nähili ýaradylandygyna ser etmeýärlermi? ýada asmanyň nähili dikeldilendigini görmeýärlermy? Milýarytlarça ýyldyz onda bar bolan bu azamatly asman her bir dana ynsany haýranlar goýýandyr. we olar özlerini şeýle bir ajaýyp we düzgünlikden paýly bolan dünýäň garşysynda ejiz görýändirler . aýatlaryň dowamynda daglara we ýer şaryna yşarat bolýar. Daglar alla tagalanyň çäksiz gudratyndan nyşan bolup ol ýer ýüzünde ýaşaýan närselere hem bereket we haýryň göz başydyr . bu süräniň söňünda alla tagala pygamber ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: seniň borjuň ylahy aýatlary , ilatyň gulagyna ýetirmekdir we sen olary gaflat ukysyndan oýarypda kyýamaty olaryň ýatlaryna bermeklige tekliplidirsiň . emma eý biziň resulymyz sen ilatyň hemmesiniň şeýle bir pent nesihatlara ünüs beripde ony kabul etmeklerine hantama bolmaly dälsiň sebäbi sen olary şeýle bir sözleriňi kabul etmeklige mejbur edip bilýän dälsiň we sen olara üssem dälsiň we alla tagala hem olaryň mejburlykda iman getirmeklerini isleýän däldir.
Adam oglunyň ýaradylmagyndan bary hem ýagday şeýle bolandyr käler pygamberleriň çakylyklaryny kabul etmän kapyrlyk ýoluny yzarlandyrlar. Olaryň ykbalyny hudaýyň özüne tabşyryň sebäbi bu hili ynsanlaryň amallaryna ýetişiklik etmek alladir we perwerdigär kyýamatda bu adamlaryň amallaryna ýetişiklil edip olary özi jezalandyrjakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- tebigat hudaý tanyjylykda uly kitapdyr we ynsan tebigatdaky gopgunlary barlamak bilen hudaýyň azamatyna göz ýetirip başarjakdyr.
2- pygamberleriň wezipesi ylahy resalty ilata ýetirmekden ybaratdyr. Ynsanlary öz akydalaryny kabul etdiripde ylahy çakylygy olara töňkemek olaryň wezipesi däldir.
3- kapyrçylygyň göz başy hak we hakykatdan ýüz öwürmek we jedel etmekdir.
4- beýlekiler hakda gazawat etmäiliň gazawat etmek hudaýyň işidir we ol ynsanlaryň içine we daşyna ýetikdir.
/////////////
Gaşiýe süresiniň soňy