bölüm 1082, süre Taryk , aýat 1-17
bölüm 1082, süre Taryk , aýat 1-17
راهی بسوی نور (1082)
Taryk süresi
Geçen gepleşikde Buruj süresiniň gürrüňniň gutarmagy bilen bu gepleşikde Gurhany kerimiň mübärek Taryk süresiniň täfsirine girişýäris. Taryk süresi Gurhany kerimiň 86njy süresi bolup Mekgede inendir. şonuň üçin bu süre Mekgi süreleriň sanyndandyr. Bu sürede kyýamatdan we ynsany gaýtadan diretmekde allanyň gudratlydygy barada gürrüň bolýar. Bu süräniň ahyrlarynda hem Gurhany kerimiň ýokary örün-mertebesine yşarat bolýar.
Taryk süresi, 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9 we10-njy aýatlar:
وَالسَّمَاء وَالطَّارِقِ (1) وَمَا أَدْرَاكَ مَا الطَّارِقُ (2) النَّجْمُ الثَّاقِبُ (3) إِن كُلُّ نَفْسٍ لَّمَّا عَلَيْهَا حَافِظٌ (4) فَلْيَنظُرِ الْإِنسَانُ مِمَّ خُلِقَ (5) خُلِقَ مِن مَّاء دَافِقٍ (6) يَخْرُجُ مِن بَيْنِ الصُّلْبِ وَالتَّرَائِبِ (7) إِنَّهُ عَلَى رَجْعِهِ لَقَادِرٌ (8) يَوْمَ تُبْلَى السَّرَائِرُ (9) فَمَا لَهُ مِن قُوَّةٍ وَلَا نَاصِرٍ (10)
< asmana we gijesine onda görünýän zada ant bolsun // we sen gijesine görünýän ol zadyň nämedigini? Bilmersiň // ol, garaňkylyk perdesini böwisýän ýyldyzdyr // hiç kim bolmaz meger onuň goragçysy bardyr // onda ynsan özüniň nämeden ýaradylandygyna ser etsin // Ol çüwdirilip duran suwdan ýaradylandyr // ol (suw) erkegiň bilinden we zenanyň gapyrgasynyň arasyndan çykýändyr // dogrudanda alla ynsany ölümden soň gaýtadan direldip bilýändir // syrlaryň aýan boljak güni // onda şol günde ynsany (azapdan) goldara hiç bir güýç we kömekçi bolmaz. >>
Mekgi süreler ýalaň ant içmek bilen başlanýandyrlar . şol sanda perwerdigär arkaly ýaradylan ýerdäki we asmandaky tebigy gopgunlara ant içilmek bilen başlanýar we ynsany şol gopgunyň azamaty barada oýlanmaklyga çagyrýar. Bu süre hem asman we parlak ýyldyzlar hakda ant içmek bilen başlanandyr bu ýyldyzlaryň asmandaky nury gijelerine şeýle bir göýçlidir welin ol ynsanyň gözüni gamaşdyrýandyr. Taryk süräniň dowamynda ýene şeýle gelýär: ynsan bu dünýede özüniň ýöne ýere goýberlen mykam diýip oý etmeli däldir eýsem her bir kişiň özüne has goragçysy bardyr we ol hem onuň bütin işlerini we hereketlerini göz astyna alyp ony ýazga geçirýändir. Aýatlaryň dowamynda hem ynsanyň ýaradylmyşyna yşarat edilip şeýle permaýyş edilýär : näme üçin öz ýaradylmyşyňyzyň azamatyna oýlanmaýarsyňyz? Siz bir damja suwdan ýaradylansyňyz we siziň kämilleşmegiňizde enäň hiç hili roly bolmasada siz 2 aýdan soň kämil bir dogut bolup dünýä inýändirsiňiz. Sizi şeýle bir ýaratmakda gudratly bolan perwerdigäriň kyýamatda sizi ýene öwrüp getirip bilmezmikäm diýýärsiňizmi?
Aýatlaryň dowamy ýenede kyýamatyň ýöritelikleriniň birine yşarat edip şeýle permaýyş edýär : dünýede her nämäni beýlekileriň gözlerinden gizläp pynhan eden bolsaňyz ol kyýamatda hemme zat äşgär boljakdir .
Elbetde bu äşgär bolmak işi möminleri begendirjekdir emma kapyrlar bilen jenaýatkärler ryswa bolup şermende bolmaklaryna sebäp boljakdyr. ynsan bir ömür öz ýaramaz işlerini we eden-etmişlerini basyran bolsa kyýamatda işleriň ýüze çykyp äşgär bolmagy netijesinde şerimende boljakdyr we bu bolsa diýseň utandyrjy we bir hili azap hasaplanýandyr. Şonda ol günäkär adam özüni ne ryswaçylykdan gutaldyryp biljekdir nede bir kimse ony goldap başarjakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- asmana ser edip alla tagalanyň ýaradan tebigy gopgunlaryna oýlanmakdan gapyl galmaýlyň sebäbi bu iş bir hili hudaý tanjylyk we älem jahany ýaradan perwerdigäriň çäksiz gudratyna üns bermeklik hasaplanýandyr.
2-perişdeler ynsanlaryň ýaşaýyşlarynda tasyrlydyrlar olar hemä ynsany kä bir hadysalardan goraýandyrlar hemde olaryň işlerine gözügçilik edýändirler.
3- her günde dünýä inýän müňlerçe çaga alla tagalanyň ynsany ýaratmakdaky gudratyndan nyşandyr şeýlede ylahy gudratyň ynsany ýaňadandan ýaradyp bilmegine güwä geçýändir.
4- ynsanyň içgin niýetleri we pikirleri dünýede äşgär däldir emma ahyretde ynsanlaryň pikirleri äşgär we belli bolýandyr.
Taryk süresi, 11, 12, 13, 14, 15, 16 we 17-nji aýatlar:
وَالسَّمَاء ذَاتِ الرَّجْعِ (11) وَالْأَرْضِ ذَاتِ الصَّدْعِ (12) إِنَّهُ لَقَوْلٌ فَصْلٌ (13) وَمَا هُوَ بِالْهَزْلِ (14) إِنَّهُمْ يَكِيدُونَ كَيْداً (15) وَأَكِيدُ كَيْداً (16) فَمَهِّلِ الْكَافِرِينَ أَمْهِلْهُمْ رُوَيْداً (17)
<< bol ýagynly asmandan ant bolsun // ösümlikleriň ösmegi üçin böwsilip duran ýere ant bolsun // şeksiz bu (gurhan hak bilen batyly) jyda ediji kitapdyr // we onda hergiz masgara bazlyk ýoldur // (şonda-da kapyrlar) elmydama hile edýärler // we men hem olaryň garşysynda mynasyp çäre görýärin // onda kapyrlara möhlet ber we (jezalaryny görýänçäler olary az-owlak öz hallaryna goýber. >>
Aýatlaryň bu bölümi hem asman we ýere ant içmek bilen başlanýar . ondan ýagyn ýagýan asmana we şol ýagyş sebäpli direlip janlanýan zemine ant içýär. ýagyşyň netijesinde hem ösümlikler , topragyň içini böwsüp baş çykarýandyrlar. Bu antdan perwerdigär şeýle permaýyş edýär : gurhanyň kyýamat hakdaky aýatlary hak bilen batyly jyda edip hak sözi beýan edýändir we dogrudan-da kyýamatyň geljekdigi ýöne bir degişme gürrüň däldir eýsem ol hökmandyr. aýatlaryň dowamynda perwerdigär hudaý resuluna ýüzlenip şeýle permaýyş edýär : seniň we seniň şerigatyňa duşman bolanlar elmydama duşmançylygyň we pitne turuzmagyň yzynda bolup seniň diniň ýaýramagynyň öňüni aljak bolýarlar . emma sen howatyrlanma sebäbi meniň olaryň hilelerini puja çykaryp nanşalarynyň öňüni aljakdyryn eý pygamber sen olaryň toba edip öwrülmekleri üçin möhlet ber belki olar dolansynlar we beýlekilere hem hüjjet tamam bolar ýaly we geljekde bahanalary bolmaz ýaly olary öz hallaryna goý.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- asmanyň we zeminiň ösümlikleri öndermekdäki roly olaryň ynsanyň dünýä inmeginde ene ataň rollaryna meňzeşdir asman göýä ata we ýer hem göýä ene ýalydyr asmanyň ýagyny ýer şarynyň rähiminde durup bir näçe wagyt soň hem ösümlikler şol ýagynyň suwundan peýdalanyň ýeriň astyndan ösüp daşary çykýandyr.
2-Gurhan her bir emirde haky batyldan jyda edýändir. Şol sanda kyýamat we kyýamatyň ýagdaýny hem beýan edip bu meseläni nygtaýandyr.
3- taryh boýunda pygamberleriň duşmanlary olary we olaryň şerigatlaryny ýok etmek ugurda talaş edendirler emma ahyrda şol duşmanlar ýok bolup pygamberleriň atlary we mektepleri berjaý galyp ýaýbaňlaşandyr.
4- garşylar bilen ýüz be ýüz bolmakda howlukmaly däldir eýsem hüjjet gutarar ýaly olara öwrülmek pursatyny bermelidir.
/////////////
Taryk süresiniň soňy