Dec 07, 2025 10:06 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1083, süre Agla, aýat 1-19

bölüm 1083, süre Agla, aýat 1-19

راهی بسوی نور (1083)

Agla süresi

Deslap Agla süresi alla tagalany ulylamak we tesbih aýtmak baradadyr bu süräň 19 aýaty bolup Mekgede inendir . süräniň deslapky bölüminde hudaý tagalaga tesbih aýtmak barada  ikinji bölüminde hem iman ähliniň sagadatyna we kapyrlaryň bet-bagytlyga duçar bolmaklarynyň delilleri barada gürrüň bolýar.

Agla süresi, 1, 2, 3, 4 we 5-nji aýatlar :

سَبِّحِ اسْمَ رَبِّكَ الْأَعْلَى (1) الَّذِي خَلَقَ فَسَوَّى (2) وَالَّذِي قَدَّرَ فَهَدَى (3) وَالَّذِي أَخْرَجَ الْمَرْعَى (4) فَجَعَلَهُ غُثَاء أَحْوَى (5)

<< belend mertebeli perwerdigäriň adyny päklik bilen ýatla // ol (heme zady) ýaradyp  düzgüne salan perwerdigärdir // ol her närsäni ölçäp hidaýat edendir // ol ýaýlym ýerleri gögerdendir // we bir näçe soň hrm ony gurydyp gara samana öwrendir. >>

Bu aýtlar deslap hezreti resuly äkrem(s) we soňraky tapgyrda hem möminlere ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: perwerdigäriň adyny mukaddes bilip onuň adyny beýlekileriň we onuň ýaradan zatlarynyň hatarynda karar bermäň, sebäbi ol her bir zatdan we her bir kimseden ýokarda durýandyr . aýatlaryň dowamynda hudaý tagalanyň üstüm bolmagynyň sebäplerine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: ol şeýle bir azamatly jahany ýaradyp ony mäkäm esasda karar berip oňa düzgün berendir. bu düzgün hemme zatlara häkimdir asmanyň kähkeşanlaryndan we iň beýik ýyldyzlardan tut tä ätüm ýaly owunjak zatlara çenli her bir zadyň ýaradylmagy hem belli ölçeg esasyndadyr we her bir zadyň ýaradylmagyndan bar bolan maksat esasynda perwerdigär oňa gerek bolan mümkinçilikleri we göwrümleri hem bagyş edendir we ony şol maksada ýetmek ugurda hidaýat edendir. Aýatlaryň dowamy hem ýer şarynda bar bolan ýaşaýyşyň uly gopgunlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : baharda ösümlikleriň ösmegi we gündizde hem agaçlaryň ýapraklarynyň dökülmekleri her ýylda gaýtalanýandyr bu mesele hem alla tagalanyň gudratyndan we rahmatyndan nyşandyr we ol öz keramaty bilen siz ynsanlaryň we bütin haýwanlaryň iýmit gerekliklerini üpjün edýändir.

Gurhany kerimiň bu aýtlarynyň öwredýän sapaklary:

1- perwerdigäriň ady päk we mukaddesdir we ol elmydama hormatlanyp beýgeldilmelidir şonuň üçin hem şeýle bir mukaddes ada bi-hormatçylyk hasaplanýan her bir işden saklanmalydyr

2- perwerdigär biziň zehinimizde we pikrimizde bar bolan her bir gumandan ýokardadyr we onuň durky biziň üçin düşnükli däldir.

3- ýaradylmyşyň düzgüni perwerdigäriň hikmetinden we onuň ýaradan zatlarynyň maksatlydygyndan bir nyşadyr.

Agla süresi, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 12 we 13-nji aýatlar:

سَنُقْرِؤُكَ فَلَا تَنسَى (6) إِلَّا مَا شَاء اللَّهُ إِنَّهُ يَعْلَمُ الْجَهْرَ وَمَا يَخْفَى (7) وَنُيَسِّرُكَ لِلْيُسْرَى (8) فَذَكِّرْ إِن نَّفَعَتِ الذِّكْرَى (9) سَيَذَّكَّرُ مَن يَخْشَى (10) وَيَتَجَنَّبُهَا الْأَشْقَى (11) الَّذِي يَصْلَى النَّارَ الْكُبْرَى (12) ثُمَّ لَا يَمُوتُ فِيهَا وَلَا يَحْيَى (13)

<< golayda (Gurhany) saňa okap bereris, bes sen ony hergiz unutmarsyň // meger allanyň isleýän zady bolmasa, elbetde alla bütin äşgär we ýaşryn zatlary bilýändir // we seniň üçin iň aňsat ýoly taýýarlap goýarys // onda nesihat ber – egede peýda etse- // alladan gorkýan kişi basymlykda pent alar // ýöne şaky adamlar ondan (nesihatdan) ýüz öwürerler // olar şol uly oda düşjek adamlardyr // soň şol ýerde ne öljekdir nede ýaşajakdyr. >>

Bu aýatlar hezreti resuly äkrem (s) ýüzlenip şeýle permaýyş edýär : biz gurhanyň aýatlaryny saňa talawat edýändiris we sen biziň yradamyz bilen ony öwrenip hiç haçan ýaddan çykarjak dälsiň we kem-köstsiz ony ilata okap onuň bilen ilaty hidaýat etjeksiň onutmak we ýaddan çykarmak biz ynsanlaryň tebigy ýüriteliklerinden hasaplanýandyr emma alla tagala hidaýat ýoluny gyşarnykdan aman saklamak ugurda pygamberleri her hili ýaddan çykarmakdan we unutmakdan goraýandyr şeýlelik bilen olar ylahy kelamy usully suratda ilata ýetirýändirler we ilat hem pygamberlerine ynamly bolup olar öz birin meselelerini onutmaýarlar onda nähili bu ynsanlar wahy aýatlaryny ilata ýetirmekligi onutjakdyrlar? elbetde dini tagalymlary we wahy aýatlaryny müşrük we kapyr köpçiliklerde ýaýradyş bermek uly we agyr we kyn iş boljakdygy bellidir. şol sebäpli hem alla tagala öz pygamberine ýüzlenip şeýle permaýyş edýär : emma biz bu işi saňa aňsat aýlandyrjakdiris we seni ýagşy ahlak bilen we giň gursak etmek bilen bir hili taýýarlajakdiris welin pygamberçylygyň agyr borjy saňa aňsat bolsun we sen iň oňat suratda ony ýerine ýetirip biljekdirsiň . şol sebäpli hezreti musa ş(a) hem özüniň pygamberçilik işinde ýeňişli bolmagy üçin perwerdigärden iki zady talap edendir biri giň gursak bolmaklygy, ýene birisi hem bu işiň oňa aňsatlaşmagyny alladan diländir.

Aýatlaryň dowamynda ýene şeýle gelýär : eý biziň resulumyz biz seni bu uly borjy ýerine ýetirmeklege taýýarlap aýatlary seniň kalbyňa inderendiris onda bu aýatlar bilen ilata nesihat ber we şeýle bir nesihatyň ilatda täsirli bolmagyna hem umytly bol. Her kimsäniň ýüregi pes päl bolsa ol hak we hakykatyň garşysynda boýun boljakdyr we baş eňjekdir, şeýlede ol gurhanyň nesihatlaryndan hem peýdalanjakdyr” elbetde özlerini hak sözi kabul etmekden mahrum edýän kişiler hem bet-bagytçylyga duçar bolup kyýamatda hem dowzaha giriftar boljakdyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- perwerdigär pygamberleri wahy aýatlaryny alyp ilata ýetirmekde her hili onutmak we ýalňyşmak işden gorandyr şeýlelik bilen ylahy hidaýat dogry suratda we gyşarnyksyz ilata ýetirlendir.

2- ilaty dine tarap çagyrmak işi uly gynçylyklar bilen hemradyr emma alla tagala dini ýaýradyşy berýänleri goldajak diýip wada berendir.

3- hakyň talabynda bolmak we ony kabul etmek ynsanyň bagtyýarlyga ýetmegi üçin gerek bolan şertdir we şonsyz ynsan betbagytçylyga uçarýandyr.

Agla süresi, 14, 15, 16, 17, 18 we 19-njy aýatlar :

قَدْ أَفْلَحَ مَن تَزَكَّى (14) وَذَكَرَ اسْمَ رَبِّهِ فَصَلَّى (15)‏ بَلْ تُؤْثِرُونَ الْحَيَاةَ الدُّنْيَا (16) وَالْآخِرَةُ خَيْرٌ وَأَبْقَى (17) إِنَّ هَذَا لَفِي الصُّحُفِ الْأُولَى (18) صُحُفِ إِبْرَاهِيمَ وَمُوسَى (19)

<< özüni päklän hükman bagtyýar boljakdyr // ol, perwerdigäriniň adyny ýatlap namaz okaýan kişidir // ýöne siz dünäniň ýaşaýyşyny saýlap ony ýagşyrak gördüňiz // emma (aslynda ahyratyň (ýaşaýyşy) gowyrak we bakyrakdyr // dogrudanda bu zatlar ozalky asmanlyk kitaplarda hem gelendir // ybraýym we musanyň kitaplarynda. >>

Geçen aýatlarda bir topar ynsanlaryň gara bagta duş bolmaklarynyň delili beýan edildi şonuň dowamynda bu aýatlar şeýle permaýyş edýär : ynsanyň sagadat we bagtyýarlyga ýetmeginiň syry şudur welin ol öz nebsini bulaşyklardan päklemelidir we diňe hakyň garşysynda boýun eňip namaz okamalydyr ilatyň köpüsi dünýäni ahyretden gowylak bilip dünýelerini abatlamagyň pikrindedirler . emma bagtyýar kişiler ahyretiň dünýeden bakyrakdygyny bilýändirler . kyýamatda dünýedäki ýaşaýyş diňe ýarym gün ýalydyr we şonça hem degersiz hasaplanýandyr.

Bu süräniň soňky aýatlary şu meseläni nygtaýandyr welin ynsanyň sagadata ýetmegine gerekli bolýan zatlar ozalky kitaplarda hem gelendir we hezreti ybraýym , musa we isa (a) ýaly pygamberlere inen kitaplatda hem aýdylandyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- nebsi päklemek hudaýa bende bolmak we ybadatlary ýerine ýetirmek bilen hemra bolmalydyr şeýle bolan ýerinde islendik we oňat netijäni yzyna tirkejekdir . ýugsa ol Hendularyň çekýän ryýazatlary ýaly boljakdyr .

2- nebsiň päklenmeginiň öňünde bar bolan iň möhüm bewet ynsanyň bu dünýä ýürek baglamagydyr we ol ynsany ahyretden alyp galýandyr.

3- tezkiýe we hudaýyň ýady bilen hemra bolan namaz ynsany ösdürip ony bagtyýarlyga ýetirjekdir.

4- asmanlyk kitaplar düregi bolsalarda olar birek-birek bilen ugurdaş bolup bir maksady yzarlaýandyrlar ol hem ynsanyň sagadaty we bagtyýarlygy we ony bet-bagytlykdan gutuldyrmaklykdyr.

 

/////////////

Agla süresiniň soňy