bölüm 1085, süre Fäjr , aýat 1-14
bölüm 1085, süre Fäjr , aýat 1-14
راهی بسوی نور (1085)
Fäjr süresi
30 aýatdan ybarat bolan mübärek Fäjr süresi Mekgede inen süreleriň biridir bu süräniň aýatlary beýleki Mekgi süreler ýaly duýduryş berijidir. Fäjr süresi sähär we gije ýaly zamanlara ant içmek bilen başlanýar we onda ylahy synawlara hem yşarat bolýar aýatlaryň dowamynda hem ozalky serkeş kowumlaryň duş bolan ýazgytlary beýan edilýär bu süre ýagşylar we ýamanlaryň ahyrda nähili ýazgyda duçar bolandyklaryny ýatlamak bilen gotarýar.
Fäjr süresi, 1, 2, 3, 4 we 5-nji aýatlar :
وَالْفَجْرِ (1) وَلَيَالٍ عَشْرٍ (2) وَالشَّفْعِ وَالْوَتْرِ (3) وَاللَّيْلِ إِذَا يَسْرِ (4) هَلْ فِي ذَلِكَ قَسَمٌ لِّذِي حِجْرٍ (5)
<< sähär çagyna ant bolsun // onluk gijelerine ant bolsun // (onuň) jübüdine we tägine ant // gijä ant- geçip barýan mahaly- // şu aýdylan zatlarda akyllar üçib ant barmy? >>
Bu süre hem zamana ant içmek bilen başlanýar şol güneşiň dogýan zamanyna we we täze bir güniň başlanýan zamanyna ant içilýär. Fäjriň manasy böwüsmekdir her günde ir ertir bilen güneşiň nury gijäniň garaňkylygyny bewüsip ertiriň başlanmagy bilen diri närseler herekete düşýärler onuň tersine hem gijäň gelip ýetmegi we aramlygyň berkarar bolmagy bilen jandarlar hereketden galyp dynç alýandyrlar . günüň başlangyjyna we soňuna ant içmek ýaradylyş älemiň durly närseleriň şol sanda ynsanyň ýaşaýyşyny gurmak ugurda düzgünlidigini beýan edýändir. Her ertir we agşamdan daşgary gurhan 10 gije gündiziň her ýylda mukaddesdigine hem yşarat edýär bu günler ynsanyň magnawy ýaşaýyşynda uly ruldan paýlydyrlar ol gijelerden maksat hem ýada remezan aýynyň soňky 10 gijesidir gadyr gijesi hem şondadyr ýada gurban aýynyň deslapky 10 gijesinden ybaratdyr şol günlerde arafa, gurban aýdy we haj myrasymynyň günleri bardyr.
Birlige we ikilige ant içmek , bütin närseleri öz içine alýan bir ýada jübüt sanlary beýan edýändir. Sebäbi sanlaryň hemmesi jübüt ýada täkdirler. we hemme hasap kitaplar hem jübüt we täk sanlaryň esasynda belli bolýandyrlar. şeýlede ol ýylyň boýunda kä bir mukaddes günlere hem yşarat etmegi mümkindir ol hem gamary aýynyň täk ýada jübüt günlerini öz içine alýandyr.
Zamanly tebigy gopgunlara bolan 4 antdan soň gurhan şeýle permaýyş edýär: bu aýatlar akyl eýelerine ýeterlik dälmidir? We olar şeýlelik bilen haky tanap batyldan gaçyp başarjak däldirlermi? Alla tagala ynsana akyl nygmatyny beripdir. ynsan şol akly bilen hem haky batyldan saýgaryp haka uýmalydyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- dünýäniň wagytlarynyň belli bolmagy ýaradylmyş äleminde bar bolan hasaply we belli düzgünden bir nyşandyr.
2- kä günler we gijeler alla tagala ýakynlanmak ugurda ýerlik taýýarlaýandygy üçin aýratyn bolup mukaddeslikden paýly bolýandyrlar.
3- gurhany kerim ynsanyň akyldan paýlydygyny ýatlap şol sebäpden hem ol sorag bilen ýüz be ýüz boljakdyr diýip beýan edýändir.
Fäjr süresi, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13 we 14-nji aýatlar:
أَلَمْ تَرَ كَيْفَ فَعَلَ رَبُّكَ بِعَادٍ (6) إِرَمَ ذَاتِ الْعِمَادِ (7) الَّتِي لَمْ يُخْلَقْ مِثْلُهَا فِي الْبِلَادِ (8) وَثَمُودَ الَّذِينَ جَابُوا الصَّخْرَ بِالْوَادِ (9) وَفِرْعَوْنَ ذِي الْأَوْتَادِ (10) الَّذِينَ طَغَوْا فِي الْبِلَادِ (11) فَأَكْثَرُوا فِيهَا الْفَسَادَ (12) فَصَبَّ عَلَيْهِمْ رَبُّكَ سَوْطَ عَذَابٍ (13) إِنَّ رَبَّكَ لَبِالْمِرْصَادِ (14)
<< görmediňmi? perwerdigäriň ad kowmunyň başyna nämeleri getirenni // beýik-beýik köşkleri bolan Erem (şähriniň) başyna? // şäherleriň arasynda onuň mysalynda şäher bolmadyk mahaly // şeýlede beýik daşlardan özlerine ymaratlar bina eden Semut kowumyna nähili azap inderdi? // gaty güýçli we zalym bolan fyrownyň başyna nämelri getirdi? // olar (ad, semut we fyrown kowumlary) ülkelerde togýan edipdiler // olar, şol ýerlerde pitne , jenaýat baryny etdiler // bes perwerdigär olaryň üstünden yzly- yzyna azap inderdi // dogrudan-da perwerdigär (tugýan edijilere azap bermek üçin) bukydadyr. >>
Bu aýatlar geçmişde ýaşap geçen 3 kowumyň hal ýagdaýlaryna we ýazgytlaryna yşarat edýär olar gudrat medeniýet we baýlyga eýe bolsalarda menliklenip serkeşlik edip kufur ýoluna girdiler. Olar hiç kime özlerine garşy durup üstem çykyp bilmez mykam diýip guman edýärdiler . emma gurhany kerim şeýle permaýyş edýär : olaryň dünýede edýän kapylygy ylahy yrada degişli bolanda, azap şallagy şeýle bir suratda olara indi welin olardan hiç bir zad galmady . ad kowumynyň pygamberi hezreti huddy bu kowumyň erkekl adamlary köp güýç kuwwatdan paýlydylar. Olaryň ýer ýurtlary we şähirleri abat we al ýaşyldy olaryň köp baglary we beýik- beýik köşkleri bardy , emma olar hudaýyň resulunyň çakylygyny kabul etmegiň ýerine onuň garşysynda durup hatda bu pygamberi öldürjek bolup haýbat atdylar we her hili pysatçylyga baş goşdylar olar , uly we belent ymaratlary bilen hadysalaryň howpundan aman galyp başararlar mykam diýip guman edýärdiler emma sowuk we güýçli tupan bilen heläk boldular bu sürede yşarat bolýan ikinji kowum hem semut kowumydyr olaryň pygamberleri hezreti salyh(a)di olar hem öz asyrlarynda medeniýetden paýly bolup asudalykda ýaşaýanmyşlar semut kowumy öz ýaşaýyş jaýlaryny daglaryň içinde ýasaýardylar . daşlary ýaryp aman we mäkäm ymaratlary özleri üçin bejerýän myşlar şeýidip hem her hili howupdan aman galypda asudalykda ýaşaýardylar emma olar hem asmandan inen elhenç ses bilen ýok ulupdyrlar .
Gurhany kerimiň bu sürede yşarat edýän üçünji kowumy hem fyrowyň kowumydyr. Fyrown gudratda öz zamanyň häkimleriniň hemmesinden üstem bolupdyr onuň goşun güýçleri hem boýdan baş ýaragly bolup köp mümkinçiliklerden we baýlykdan hem paýly myşlar . fyrown bäniysraýyl kowumyny öz häkemiýeti astynda saklap elmydam olara yza-ezýet berip olary gynaýanmyş . emma olary yzarlamakçy bolanda allanyň yradasy bilen fyrown we onuň goşun güýji nil derýasynda gark bolup onuň hem zalym hökmeti ýok bolupdyr . bu aýatlaryň dowamynda şeýle gelýär: bu kowumlar togýan edip pysatçylyk döretdiler we alla tgala hem öz azaby bilen bu olaryň hemmesini ýok etdi . alla tagala soňky aýatda hem serkeşlik edýän kowumlara duýduryş berip şeýle dýar : dogrudan-da perwerdigär sekeşlik edýän kowumlara azap bermek üçin bukydadyr, onda ylahy azapdan gutulyp başararys mykam diýip oý etmäň. bütin tagutylar we serkeş kowumlar onuň gudraty astyndadyrlar we bir gün öz işleriniň jezasyny görjekdirler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- akylly ynsan taryhdan sapak alýandyr we kowumlaryň we milletleriň, ýagşy- ýaman boluşlary esasynda parhly ýazgytlara uçraýandyklaryny bilýändir.
2- hudaýa bende bolmagyň ýerine gudrat we baýlyga bende bolmaklyk ynsany zulma duçar edip onuň ýok olmagyna sebäp bolýandyr.
3- medeniýet we ösüş diniň garaýşyndan kabul ederlidir emma köpçüligiň heläklenmegine sebäp bolýan zat olaryň serkeşlik edip hudaýyň belli eden çäklerinden çykmaklarydyr.
//////////////