Feb 07, 2021 15:01 Asia/Ashgabat

راهی بسوی نور(876)Gafer süresi, 34-nji aýat

:‏ وَلَقَدْ جَاءكُمْ يُوسُفُ مِن قَبْلُ بِالْبَيِّنَاتِ فَمَا زِلْتُمْ فِي شَكٍّ مِّمَّا جَاءكُم بِهِ حَتَّى إِذَا هَلَكَ قُلْتُمْ لَن يَبْعَثَ اللَّهُ مِن بَعْدِهِ رَسُولاً كَذَلِكَ يُضِلُّ اللَّهُ مَنْ هُوَ مُسْرِفٌ مُّرْتَابٌ (34)

<< takyk Ýüsüp mundan ozal aýdyň deliller bilen siziň üstüňize geldi, ýöne siz onuň getiren zatlaryna hemişe şekdediňiz täki ol dünýeden ötdi. ( onsoň indi ) alla hergiz hiç pygamberi ibermez” diýip aýtdyňyz . (hawa ) alla şübheli karaýan isrip edijini şu hili gümra edýändir.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Fyrown köşgünde ýaşaýan şol mömin adam hezreti Musany ölümden halas etmek ugurda köp tagalla etdi. gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar . Fyrownyň köşgünde bolýan mömin adam sözüniň dowamynda hezreti ýüsüp (a.s)ň dessanyna yşarat edip : ýüsüp , allanyň iberen pygamberleriniň birsidi ol gaty , gadym eýýamlarda ýaşap geçendir hezreti ýüsübiň pygamberligine köp delilleri bolsada ilat durly bahanalary we şek şübheleri öňe sörüp onuň pygamberligine iman getirmekden saklandylar diýip aýtdy .Ilat hatda hezreti ýüsüp dünýeden gaýdan soň alla onuň ýerine täze pygamberi ibermez we olaryň haram huşluklaryna we ýaramaz işleriniň yzynda bolmaklaryna päsgel döretmez diýip güman etdiler .Dogrusy bu hili ynsanlar haky eşidip oňa iman getirmegiň yzynda däldirler eýsem olar özleriniň haý höwesleriniň we haram hoşluklarynyň yzyndadyrlar, ynsanlaryň pygamberleriň taglymatyna bu hili çemeleşmekleri we pygamberlerden ýüz öwürmekleri şübhesiz olaryň gümralygyna sebäp bolýandyr. elbetde her bir zada şol sanda hak meselesine ynsanyň deslap şübheli karamagy telek däldir ýöne bu hili garaýşyň dowam etmegi ynsany hak we hakykatdan daş düşürip biljekdir . bu bolsa howplydyr .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- geçen kowumlaryň ynam yktykatlary soňky nesilleriň ynam yktykatlarynda hem öz täsirini galdyryp bilýändir . oňa görä geçen kowumlaryň taryhyny we ykballaryny öwrenip indiki nesilleriň ykballaryny hem öwrenip boljakdyr .2- hakykata ýetmek üçin bir zada şek şübheli karamaklyk gowy zatdyr ýöne ynsanyň şol şek şübhede galmagy söýürli däldir ynsan özüniň şek şübhesini aradan aýyrjak bolup tagalla etmeli .3- delilsiz we mantyksyz pygamberleriň garşysynda durup özleriniň haý höweslerine bendi bolýan ynsanlaryň jezasi gümralyga uçramaklykdyr.Gafer süresi, 35-nji aýat

:الَّذِينَ يُجَادِلُونَ فِي آيَاتِ اللَّهِ بِغَيْرِ سُلْطَانٍ أَتَاهُمْ كَبُرَ مَقْتاً عِندَ اللَّهِ وَعِندَ الَّذِينَ آمَنُوا كَذَلِكَ يَطْبَعُ اللَّهُ عَلَى كُلِّ قَلْبِ مُتَكَبِّرٍ جَبَّارٍ (35)

<< allanyň aýatlary barada dawa edýän kimseler delil getirmezden bu işi edýändirler .( olaryň bu işi ) allanyň ýanynda we iman getiren adamlaryň ýanynda ,gahar gazaba sebäpkärdir . alla zor aýdyjy menlikli adamyň ýüregine şu hili mohur urýandyr.>>

Gurhan kerim ozalky aýatlaryň dowamynda bu aýatda bir zat barada köp şek şübhe edip haky kabul etmekden boýun gaçyrýan adamlar hakynda gürrüň gozgap aýdýar : olar hak bilen jedel etmeklige endik edendirler we olaryň maksady haky kabul etmeklik däldir eýsem hak bilen terisleşmeklikdir oňa görä olara her näme aýtsaň hiç bir delil getirmezden ony ret ederler bu hili jedelkeş adamlar öz garşydaşlary bilen jedel edip özlerini hakly edip görkezjek bolýandyrlar , emma aslynda olar men menlik belasyna giriftardyrlar oňa görä olar her näçe delil getirseňde olar haky kabul etmezler eýsem bir bahana bilen ony ret ederler . şübhesiz delilsiz hakyň aýatlaryny ret etmeklik we hak bilen terisleşmeklik jedel edýän adama ýaramaz yz gelimleri we netijeleri boljakdyr onuň ýaramaz netijeleriniň birside jedel edýän adamyň hakdan daş düşüp gümralygyň garaňkylygynda galmagydyr .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- söhbetdeşligiň bir görnüşi taraplaryň jedel etmeklerinde özüni görkezýändir, söhbetdeşlikde menlik bilen dälde eýsem delil getirip gürrüň etmelidir.2- iman ähli mantyksyz jedel etmeli däldir eýsem mantyk we delil bilen gepläp öz gepini garşydaşna ýetirmelidir şeýdipde delilsiz we mantyksyz gürlemegiň möminiň ýanynda hiç hili ornunyň ýokdygyny bildirmelidir.Gafer süresi, 36 we 37-nji aýatlar

:وَقَالَ فِرْعَوْنُ يَا هَامَانُ ابْنِ لِي صَرْحاً لَّعَلِّي أَبْلُغُ الْأَسْبَابَ (36) أَسْبَابَ السَّمَاوَاتِ فَأَطَّلِعَ إِلَى إِلَهِ مُوسَى وَإِنِّي لَأَظُنُّهُ كَاذِباً وَكَذَلِكَ زُيِّنَ لِفِرْعَوْنَ سُوءُ عَمَلِهِ وَصُدَّ عَنِ السَّبِيلِ وَمَا كَيْدُ فِرْعَوْنَ إِلَّا فِي تَبَابٍ (37)

<< Fyrown ( öz wezirine ) : eý Haman ! meniň üçin bir beýik diň galdyr belkide bir zatlary elgerdim // we şonuň üsti bilen asmanlara çykyp Musanyň hudaýyndan habarly boldym, elbetde men ony ( Musany ) ýalançy we kezzap adam bilýärin” diýip aýtdy .( şeýlelik bilen ) Fyrownyň ýaramaz işi onuň gözüne gowy iş bolup göründi we Fyrown hakdan daşlaşdy we onuň hilesi zyýankärlikden aýry zat däldi .>>

Her halda şol ýiti ýagdaýda Fyrownyň köşgünde bolýan şol mömin we imanly adam uly iş bitirdi we durly ýollardan başgalara täsir galdyrmak ugurda tagalla etdi  ahyr soň hem onuň parasatlylyk bilen dile getirýän sözleri Fyrowny we onuň ýanyndaky adamlara öz täsirini galdyrdy we Fyrown , hezreti musany öldürmek raýyndan gaýtdy. şondan gelende henizem Fyrown menlikli adamdy, şonuň üçin hem uly bir hilä baş goşmagy ýüregine düdi we öz weziri Hamana bir beýik diňi dikeltmegi buýruk berdi tä şol diňden asmana çykyp asmanlardan habar almak bilen musaň hudaý barada aýdýan zatlaryny ýalana çykarjak boldy . elbetde Fyrownyň bu işi hem bir hiledi sebäbi hezreti musa : meniň taňrym asmanlarda diýip aýtmandy ýada asmanlara çykyp hudaýy görüp bolýar diýip aýtmandy .Dogrysy Fyrown bu hili işler bilen halky aldap olary hezreti musadan daşlaşdyrmagyň yzyndady . aslynda Fyrownyň bilen bitreni garamaýak ilaty aldamaklykdy tekepbirlik bolsa ýaramaz işleri Fyrownyň gözüne ýagşy işler edip görkezdi, netijede Fyrown hakdan daşlaşyp gümra boldy we ahyrda hem gümralykda heläkçilige uçrady.Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- delil we mantyk ähli bolan ynsanlar jenjel turzup öz haram neplerini araýan däldirler .2- halky aldamaklyk ýada olaryň gözlerini gorkyzmaklyk Fyrown ýaly zalymlaryň edýän işidir .3- tekepbirçilik ynsany hakdan daşlaşdyryp ýaramaz işleri onuň gözüne ýagşy işler edip görkezýändir .4- ezijiler , iman ähliniň garşysynda kynçylyk döredýändirler ýöne şondada möminler maksatlaryna ýetýänçäler hak ýolundan dänmän ýollaryny dowam etmelidirler./////////////