Feb 07, 2021 15:14 Asia/Ashgabat

راهی بسوی نور(878)Gafer süresi, 43 we 44-nji aýatlar

:لَا جَرَمَ أَنَّمَا تَدْعُونَنِي إِلَيْهِ لَيْسَ لَهُ دَعْوَةٌ فِي الدُّنْيَا وَلَا فِي الْآخِرَةِ وَأَنَّ مَرَدَّنَا إِلَى اللَّهِ وَأَنَّ الْمُسْرِفِينَ هُمْ أَصْحَابُ النَّارِ (43) فَسَتَذْكُرُونَ مَا أَقُولُ لَكُمْ وَأُفَوِّضُ أَمْرِي إِلَى اللَّهِ إِنَّ اللَّهَ بَصِيرٌ بِالْعِبَادِ (44)

<< siziň meni çagyrýan zadyňyza şübhesiz dünýäde we ahyretde hiç hili (gutrat we ) çakylyk ýokdur. emma biziň barymyz , alla tarap dolanjakdyrys we isripkärleriň ýoldaşy ( dowzahyň ) odudyr. // şonda biziň beren duýduryşlarymyz basymlykda ýadyňyza düşer we men öz işimi alla ynanýaryn, sebäbi ol öz bendeleriniň ýagdaýyndan doly habarlydyr. >>

Geçen gepleşikde Fyrownyň köşgünde ýaşaýan şol mömin adamiň ahyr soň özüniň kimligini halka aýan edendigini aýtdyk , indi gurhan kerimiň bu aýatlarynda gelşine görä Fyrownyň köşgündäki ýaňky mömin adam köşkdäki adamlara ýüzlenip aýtdy : siz , meni , alla bendelik etmekden alyp galjak bolýarsyňyzmy ? ýöne siziň allanyň ýerine bendelik edýän Butlaryňyz hiç zady pähim edip bilmeýärler, olaryň elinden ne dünýäde nede ahyretde gelýän iş bar , ne bir düwini çozup bilýärler we nede bir kynçylyga çäre görüp bilýärler. edil şol bir wagytda hem biziň barymyzyň barmaly ýerimiz allanyň degähidir we allanyň dergähinde jogap bermelidiris. indi her kim dünýäde allanyň ýerine Butlara bendelik eden bolsa onuň jaýy dowzahdyr, sebäbi ol hakdan ýüz öwrüp öz hetdinden hem geçendir. onda eý halaýyk men size äşgär aýdýaryn men alla iman getirip öz ykbalymy oňa ynandym we siziň atýan haýbatyňyzdan hem gorkmaýaryn, sebäbi gudratyna we ylmyna taý bolmadyk alla meniň arkamdyr . ýöne arman siz bir wagyt meniň bu aýdan zatlarymyň hakdygyna göz ýetireresiňiz weli ol gün gaty giç bolar ol gün siziň dowzaha tarap sürüljek günüňizdir.Şeýlelik bilen Fyrownyň köşgünde ýaşaýan mömin adam özüniň alla bolan imanyny äşgär edip ýeke özi , Fyrownyň köşgündäki bütin kapyrlaryň garşysynda durdy . şeýdipde şyryk bilen towhydyň arasyny jyda etdi .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- alla iman getirip alladan gaýry taňryň ýokdygyny subut etmek üçin delil we mantyk bilen gürlemelidir. delil we mantyk bilen  özgeleri allanyň bendeligine çagyrmalydyr .2- isrip etmeklik diňe malda ýada harj etmekde däldir eýsem öz eziz ömrüňi hem telek ýollarda saryp etmeklik ýada aklyňy we güýç- guwwatyňy telek zatlaryň ugrunda heder bermeklik hem isrip etmeklik hasaplanýandyr.3- öz borjuňy dogry ýerine ýetirmekden soň duşmanlaryň atýan haýbatlarynyň we döredýän kynçylyklarynyň garşysynda özüňi alla tabşyrmaklyk gereklidir sebäbi allanyň gudraty barça gudratlardan ýokarda durýandyr .4- işleriň soňuny allaň özüne ynanmalydyr sebäbi ol biziň hal- ýagdaýmyzdan doly habarlydyr .Gafer süresi, 45 we 46-njy aýatlar

:فَوَقَاهُ اللَّهُ سَيِّئَاتِ مَا مَكَرُوا وَحَاقَ بِآلِ فِرْعَوْنَ سُوءُ الْعَذَابِ (45) النَّارُ يُعْرَضُونَ عَلَيْهَا غُدُوّاً وَعَشِيّاً وَيَوْمَ تَقُومُ السَّاعَةُ أَدْخِلُوا آلَ فِرْعَوْنَ أَشَدَّ الْعَذَابِ (46)

<< Şonda alla ony hilelerden gorady we Fyrownyň hanadanyna agyr azap iberdi. // ot , her ertirlerine we agşamlaryna oňa ýeter we ( buýruk boldy ) Fyrownyň hanadanyny kyýamat gopynça güýçli azapda saklaň diýlip .>>

Fyrownyň köşgündäki mömin adam özüni fyrown hanadanynyň howplaryndan we hilelerinden goramak üçin alla pena getirip alla sygyndy. alla hem onuň duşmanlarynyň hilelerini güýçden duşurdy we ony hilelerden gorady . emma aýry tarapdan Fyrownyň handanyna eden etmişleri üçin we haka duşman bolmaklary üçin agyr azap berdi . gurhan kerimiň beýleki aýatlary esasynda , hezreti musa we onuň ýaranlary sag aman Nil derýasyndan geçdiler ýöne Fyrown we onuň adamlary Nil derýasynda garyk bolup ýok oldular. Fyrown we onuň adamlary Nil derýasynda garyk bolsalarda olara kyýamat gopynça bärzäh dünýäsinde her ertir we agşamlaryna ot hilinden bolan azaplar beriljekdir. bu azaplar güýçli azap boljakdyr. gurhanyň aýatlary esasynda her bir ynsan dünýäden gaýdan soň kyýamata çenli ol bärzäh dünýäsinde boljakdyr, ol dogry adam bolsa bärzähde , behişt tarapyndan açylan gapydan behiştiň naz we nygmatlaryny görüp günlerini hoş geçirjekdir emma ýaramaz adam bolsa , tamug tarapyndan açylan gapydan duzahyň odyny synlap salym sagatlary azap bilen geşjekdir .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwretýan sapaklary :1- egerde alla tüwekkil etsek onuň özi bizi duşmanlaryň hawup hatarlaryndan gorajakdyr .2- egerde alla daýansak ol bizi goldamagyň ýanynda duşmanlarymyzda ejizledip olary ýok etjekdir .3- zalymlara jeza bermeklik şol ölümiň deslapky gününden başlanýandyr ýöne kyýamatda olaryň görjek azaplary has güýşlenip barjak derejesine barjakdyr .Gafer süresi, 47-nji aýat

:وَإِذْ يَتَحَاجُّونَ فِي النَّارِ فَيَقُولُ الضُّعَفَاء لِلَّذِينَ اسْتَكْبَرُوا إِنَّا كُنَّا لَكُمْ تَبَعاً فَهَلْ أَنتُم مُّغْنُونَ عَنَّا نَصِيباً مِّنَالنَّارِ (47)

<< ( dowzah ähli ) tamugyň odunda bir birleri bilen jedel edip durkalar (dünýäde ) olaryň yzyna düşüp ( gumra bolan ) adamlar ( ol ) tekepbir adamlara ýüzlenip : biz size eýerip ( şu güne düşdik indi ) siz bize ýetýän oduň bir bölegini biziň üstümizden sowup bilermisiňiz? diýip aýdarlar.>>

Geçen aýatlarda Fyrown handanyna ýeten jeza barada we olaryň bärzähde gabat geljek azaplary barada gürrüň etdik, gurhan kerim bu aýatda dowzah ähliniň jähännemiň içinde bir birleri bilen jedel etjekdiklerine yşarat edip : olar bir birlerini ýazykly tanatjak bolup we öz ýazyklaryny başgalaryň üstüne oklajak bolup tagalla ederler emma alla hemme zatlardan habarlydyr we ynsanlaryň eden etmişlerini mizan terezide adalat esasynda ölçäp olara jeza berjekdir, egerde ýagşy işleri köpräk bolsa olara serpaý berjekdir we hiç kimsä ol ýerde sütem ediljek däldir" diýip aýdýar .Dünýäde azgyn we telek başlyklaryň yzyna duşup gumra bolan ynsanlar kyýamatyň azaby bilen ýüzbeýüz bolanlarynda özlerini bu ýagdaýdan halas etmek üçin şol başlyklarynyň ýanyna baryp olardan haraý sorajakdyrlar ýöne ol başlyklaryň kömek berip bilmeklerä bärde dursyn eýsem olaryň özleri hemmelerden beter kyýamatyň güýçli azaby bilen ýüz be ýüzdirler .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- dünädäki doslyklar hak esasynda bolmasa kyýamat gününde duşmançylyga ýazjakdyr .2- dünýäniň kynçylyklary we ýaşaýşyň kemçilikleri adamlaryň zalymlara eýermeklerine sebäp bolmaly däldir eýsem ynsan kynçylyklardan we kemçiliklerden gorkman azada ýaşamalydyr .3- azgyn adamlara eýermeklik kynçylyklaryň kökidir onda her kimiň yzyna düşýändigimize we kimi ýoldaş ediýändigimize esewan bolmalydyrs .4- günäkär adamlar dowzahda bir birlerini tanaýandyrlar, olar öz geçmişlerini we eden etmişlerini ýatlaryna salyp naçarlykdan hatda jenaýatkärlere hem ýüz tutup olardan kömege garaşýandyrlar ./////////////