bölüm 879, süre Gafer, aýat 48-52
راهی بسوی نور(879)Gafer süresi,
48 , 49 we 50-nji aýatlar
:قَالَ الَّذِينَ اسْتَكْبَرُوا إِنَّا كُلٌّ فِيهَا إِنَّ اللَّهَ قَدْ حَكَمَ بَيْنَ الْعِبَادِ (48) وَقَالَ الَّذِينَ فِي النَّارِ لِخَزَنَةِ جَهَنَّمَ ادْعُوا رَبَّكُمْ يُخَفِّفْ عَنَّا يَوْماً مِّنَ الْعَذَابِ (49) قَالُوا أَوَلَمْ تَكُ تَأْتِيكُمْ رُسُلُكُم بِالْبَيِّنَاتِ قَالُوا بَلَى قَالُوا فَادْعُوا وَمَا دُعَاء الْكَافِرِينَ إِلَّا فِي ضَلَالٍ (50)
<< tekepbirlik eden adamlar ( olaryň jogabynda ) : ( şundy ) biziň barymyzy oduň içinde, sebäbi alla öz bendeleriniň arasynda ( adalat bilen ) höküm kesdi diýip aýdarlar // we oduň içindäkiler hem dowzahyň garawullaryna aýdarlar : repbiňize aýdyň bir gün biziň azabymyzy kemsin diýip . // ( dowzahyň garawullary hem olaryň jogabynda ) : siziň pygamberleriňiz ( üstüňize iberlen pygamberler ) size aýdyň delileri getirmedilermi ? diýip aýdarlar . olar : elbetde getirdiler diýdiler. onda doga edip ( allany çagyryň ) diýlip olara aýdylar. ýöne kapyrlaryň dogalary gümralykdyr we ( ýer kertmez ). >>
Geçen gepleşikde dowzah ähliniň , dowzahylar bilen olaryň başlyklarynyň arasynda boljak dawa- jenjelden gurruň etdik we kyýamatda dowzahylaryň öz başlyklarynyň ýakasyndan ýabyşyp özleriniň şeýle bir güne düşmeklerinde olary ýazykly biljekdikleri barada aýtdyk . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : dowzahylaryň başlyklarynyň bu soraglara we aýyplamalara jogaplar boljak däldir şonda dowzahylaryň başlyklary bu soraglardan we aýyplamalardan halas bolmak üçin : biziň barymyzyň ykbaly bir hilidir we barymyz dowzahyň oduna uçradyk, sebäbi bu gün alla adalat esasynda öz bendeleriniň arasynda höküm kesdi we şol höküm esasynda hem biziň jaýymyz dowzah boldy egerde biz , bu ýagdaýdan gutulmagyň ýoluny bilýän bolsadyk hemmelerden ozal özümizi halas ederdik ýöne biziň elimizden gelýän iş ýok diýip aýdarlar.Dowzahylar öz başlyklaryndan bu sözleri eşidip olardan umytlaryny üzerler we dowzahyň azabyndan salym sagat halas bolar ýaly dowzahyň garawullaryna ýüz tutup olardan haýyş ederler . ýöne dowzahyň garawullary bolan perişdeler olara "näme üçin dünýäde tekepbir adamlara ýüz tutup olary özüňize ýolbaşçy saýladyňyz we aýdyň deliller bilen siziň üstüňize iberlen ylahy pygamberlere eýermediňiz" diýip aýdarlar. şonda dowzah ähli özleriniň dünýäde goýberen ýalňyşlyklaryny ykrar ederler we ylahy pygamberleriň yzyna düşmändiklerini ykrar ederler. perişdeler hem olara : onda taksyr özüňizde , şeýle bir ýowuz ýagdaýa düşmek üçin indi arman çekýärsiňiz, ýöne arman çekmek hem size peýda bermez , indi allany çagyrmagyňyz hem size peýda bermez we alla siziň azabyňyzdan kemmez diýip aýdarlar.Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :dünýäde özlerini uly adamlar saýyp tekepbirlik eden ynsanlar kyýamatda har we zelil boljakdyrlar we olaryň bu harlykdan gutulmak ýollaryda bolmaz .ynsanlaryň arasynda dogry we adalata laýyk höküm çykarmaklyk diňe alla mahsusdyr.dowzahyň azabyna tükenmek ýada azalmak ýokdur, onda dünýäde allanyň beren pursatlaryndan peýdalanyp toba edip onuň bendeliginde dogry tapyljak bolup tagalla etmelidiris .Dowzahylaryň tomugda görjrk azaplary şeýle bir güýçlidir weli olar bu azapdan gutulmak üçin belkem alla peýda bersin diýip tomugyň garawullaryna hem ýüztutjakdyrlar we olardan kömek sorajakdyrlar .Haky bir ynsana aýan we äşgär edilmese alla hiç kime jeza berýän däldir , bu , allanyň ber karar edip goýan ylahy kadasydyr .Gafer süresi, 51 we 52-nji aýatlar
:إِنَّا لَنَنصُرُ رُسُلَنَا وَالَّذِينَ آمَنُوا فِي الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَيَوْمَ يَقُومُ الْأَشْهَادُ (51) يَوْمَ لَا يَنفَعُ الظَّالِمِينَ مَعْذِرَتُهُمْ وَلَهُمُ اللَّعْنَةُ وَلَهُمْ سُوءُ الدَّارِ (52)
<< şübhesiz biz öz ilçilerimizi we iman getiren ynsanlary dünýäde we güwälikk bermek üçin turzuljak güni ( bolan kyýamat gününde ) goldarys // ( şol günde ) zalymlaryň ötünç soramaklary olara peýda bermez we olara lagnat iberler we olara ýaramaz saraý garaşýandir. >>
Dünýäde tekepbirçilik edýän kapyrlara eýerip dowzahy bolan adamlar kyýamatda özleriniň başlyklaryndan kömege we haraýa garaşdylar ýöne olaryň diýenleri bolmady. şeýlelik bilen dowzahylar özleriniň başlyklary barada ýalňyş gumandadyklaryna göz ýetirdiler emma aýry tarapdan pygamberler we salyhy ynsanlar kyýamatda allanyň haraýyndan paýly boljakdyrlar. gurhan kerim bu aýatlarda hem bu hakykata yşarat edip hudaý tagala dünýäde we ahyretde pygamberleriň we möminleriň dostydyr we olaryň kömekçisi bolar diýip aýdýar . gurhan kerim bu aýatlarda dünýäde we ahyretde pygamberleriň we möminleriň hakyky we çen kömekçisiniň alladygyny ýatladýar. taňry tagala dünýäde özüniň söýen bendelerini durly ýollardan gorap olaryň duşmanlarynyň ýüreklerine gorky salýandyr, ýada duşmanlarynyň hilelerini puça çykarýandyr. Emma hemmeleriň gelip kapyrlaryň we zalymlaryň tersine güwälik berip olary halk arasynda masgara etjak günleri bolan kyýamat gününde güwäler gelip möminleriň we salyhylaryň nepine şaýatlyk berip olaryň kapyrlara we zalymlara üstem çykmaklaryna ýardam etjakdirler .Şol günde zalymlaryň we kapyrlaryň pygamberlerden we mömin ynsanlardan ötünç sorumaklary olara peýda bermez eýsem kapyrlaryň we zalymlaryň hakyky lagnatyndan aýry nesibeleri bolmaz, ol zalymlaryň allanyň rahmetinden daş duşup dowzahyň iň ýaramaz mekanynda mesken tutarlar .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- zalymlaryň we kapyrlaryň garşysynda pygamberleri we mömin ynsanlary goldamaklyk allanyň berkarar edip goýan ylahy kadasydyr .2- imanyň täsirleri dünýäde we ahyretde mömin adama peýda ýetirjekdir we onuň täsirleri diňe ahyrete çäklenýän däldir .3- möminleri goldamak baradaky allanyň beren wadasy imanly adamlara bir hili hatir jemlik berýändir we olaryň, kapyrlaryň we duşmanlaryň berýän basyşlarynyň we azarlarynyň we adýan haýbatlarynyň garşysynda berk durup bilmegine ýardam edýändir.//////////